8 Halk we şäher ýolbaşçylary bu habary eşidip howsala düşdüler.
8 Халк ве шәхер ёлбашчылары бу хабары эшидип ховсала дүшдүлер.
Hirod patyşa muny eşidende, onuň özi-de, tutuş Iýerusalim halky-da galagopluga düşdi.
Sizi sinagogalara, ýolbaşçylaryň, hökümdarlaryň huzuryna getirenlerinde, özüňizi nähili gorajakdygyňyzy we näme diýjekdigiňizi gaýgy etmäň.
Muňa ýol bersek, onda hemmeler Oňa iman eder. Rimliler hem gelip, ybadathanamyzy we halkymyzy ýok ederler» diýdiler.
Ýason olara öýünden jaý berdi. Olaryň hemmesi Isa diýen patyşa bar diýip, imperatoryň permanlaryna garşy çykýarlar» diýip gygyrdylar.
Onsoň Ýason bilen beýlekileri jerime tölänlerinden soň boşadyp goýberdiler.