Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 17:7 - Mukaddes Kitap

7 Ýason olara öýünden jaý berdi. Olaryň hemmesi Isa diýen patyşa bar diýip, imperatoryň permanlaryna garşy çykýarlar» diýip gygyrdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Ясон олара өйүнден җай берди. Оларың хеммеси Иса диен патыша бар дийип, императорың перманларына гаршы чыкярлар» дийип гыгырдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 17:7
12 Iomraidhean Croise  

Ine, Babyl welaýatynda seniň ýokary wezipelere bellän Şadrak, Meýşak we Abednego atly ýahudylaryň bar. Ine, patyşahym, şol adamlar seniň buýrugyňa boýun egmeýärler. Olar seniň hudaýlaryňa gulluk etmeýärler we seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeýärler».


Olar: «Şahym, Ýahudadan ýesir edilip getirilenleriň biri bolan Danyýel seni-de, seniň möhür basan permanyňy-da äsgermän, günde üç gezek dileg edýär» diýip, patyşa habar berdiler.


Isa bilen şägirtleri ýollaryny dowam edip, bir oba ýetdiler. Isa oba girende, Marta atly bir aýal Ony myhman aldy.


Olar Isany ýazgarmaga başladylar: «Biz bu adamyň milletimizi azdyrýandygyny gördük. Ol imperatora salgyt tölemäge garşy çykýar we Özüni Mesih hem Patyşa diýip atlandyrýar».


Şundan soň Pilat Isany boşatmaga synanyşdy. Emma ýahudylaryň baştutanlary gygyryşyp: «Ony boşatsaň, sen imperatoryň dosty dälsiň. Kim-de kim özüni patyşa saýsa, ol imperatora garşydyr» diýdiler.


biz bolsa rimliler, olar biziň kanunymyza ters gelýän adatlary wagyz edýärler. Bize olaryň adatlaryny kabul etmek ýa-da berjaý etmek gadagandyr» diýdiler.


Emma ýahudylar göripçilik etdiler, olar bazarda bikär gezip ýören erbet adamlaryň birnäçesini ýanlaryna toplap, şäherde gozgalaň turuzdylar. Pawlus bilen Silasy tapyp, mähelläniň öňüne çykarmak üçin, Ýasonyň öýüne döküldiler.


Halk we şäher ýolbaşçylary bu habary eşidip howsala düşdüler.


Edil şunuň ýaly, loly Rahap hem eden işi arkaly aklandy. Ol ysraýyl içalylaryny öýünde gizläp, olara başga ýoldan gaçyp gitmäge kömek etdi.


Sebäbi Hudaýyň islegi siziň ýagşylyk edip, akylsyz nadanlaryň agzyny ýumdurmagyňyzdyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan