Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 17:5 - Mukaddes Kitap

5 Emma ýahudylar göripçilik etdiler, olar bazarda bikär gezip ýören erbet adamlaryň birnäçesini ýanlaryna toplap, şäherde gozgalaň turuzdylar. Pawlus bilen Silasy tapyp, mähelläniň öňüne çykarmak üçin, Ýasonyň öýüne döküldiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Эмма яхудылар гөрипчилик этдилер, олар базарда бикәр гезип йөрен эрбет адамларың бирнәчесини янларына топлап, шәхерде гозгалаң туруздылар. Павлус билен Силасы тапып, мәхелләниң өңүне чыкармак үчин, Ясоның өйүне дөкүлдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 17:5
26 Iomraidhean Croise  

Asuda paýhas bedene ýaşaýyş berýär, göriplik bolsa süýekleri çüýredýär.


Ýa Reb, el galdyrdyň, emma ony görmediler. Halkyňa bolan yhlasyňy görüp, utansynlar olar. Duşmanlaryňa niýetlenen ot, goý, olary ýuwutsyn.


Ol ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulularyň Isany göripçilikden tabşyrandyklaryny bilýärdi.


Şunça köp mähelläni görüp, ýahudylary göriplik gurşap aldy. Olar Pawlusyň aýdan zatlaryna garşy çykyp, oňa sögdüler.


Emma Antiýohdan, Ikoniýadan gelen ýahudylar halky öjükdirip, Pawlusy daşladylar we ölendir öýdüp, ony şäherden süýräp çykardylar.


Emma iman etmedik ýahudylar keseki milletleri bu iki resulyň üstüne küşgürip, imanlylara garşy olaryň aňyny zäherlediler.


Emma Salonikidäki ýahudylar Pawlusyň Beriýada Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz edendigini bilenlerinde, ol ýere hem gitdiler. Olar halky öjükdirip, howsala saldylar.


Emma olary tapyp bilmänsoňlar, Ýason bilen birnäçe doganlary şäher ýolbaşçylarynyň öňüne süýräp getirip: «Bu adamlar bütin dünýäde bulagaýlyk döredip, biziň şäherimize hem geldiler.


Ýason olara öýünden jaý berdi. Olaryň hemmesi Isa diýen patyşa bar diýip, imperatoryň permanlaryna garşy çykýarlar» diýip gygyrdylar.


Onsoň Ýason bilen beýlekileri jerime tölänlerinden soň boşadyp goýberdiler.


Ahaýa welaýatynyň häkimi Galiýonyň döwründe ýahudylar birleşip, Pawlusa garşy çykdylar we ony kazyýete getirdiler.


Bu günki wakalar zerarly, bizi gozgalaň turuzmakda aýyplamaklary ahmal. Bizde bu toplanyşygy aklap biljek hiç bir delil ýok». Ol şeýle diýdi-de, üýşen mähelläni dargadyp goýberdi.


Olar öz doganlary Ýusuba göripçilik edip, ony Müsüre satsalar-da, Hudaý Ýusuby ýeke galdyrmady.


Işdeşim Timoteos, tiredeşim Lukiý, Ýason we Sosipater dagy size salam ýollaýarlar.


Bu dünýä heniz-de size öz täsirini ýetirýär, sebäbi araňyzda göriplik, dawa-jenjel bar. Eýsem bular siziň dünýä degişlidigiňizi aňlatmaýarmy? Siz dünýewi adamlar ýaly hereket etmeýärsiňizmi näme?


Men elmydama ýolda bolmak bilen, derýalarda howp-hatarlara uçradym; garakçylardan, öz ilimden, başga milletlerden ýaňa howp astynda gezdim. Şäherde, çölde, deňizde, dogansumaklaryň arasynda howp-hatarlara uçradym.


we bahyllyk; serhoşlyk, azgynlyk meýlisleri we şuňa meňzeş zatlardyr. Men size öň duýduryşym ýaly, ýene-de bir gezek duýdurýaryn: kimde-kim şular ýaly ýaşaýan bolsa, Hudaýyň Şalygyny miras almaz.


Şöhratparaz bolmalyň, biri-birimizi gaharlandyrmalyň, biri-birimize göriplik etmäliň.


Siz agyr muşakgatlar çekseňiz-de, Mukaddes Ruhuň beren şatlygy bilen Hoş Habary kabul edip, biziň we Rebbiň göreldesine eýerdiňiz.


Siz Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň bize beren ynsanlyk ruhy örän gabanjaňdyr diýlen sözler boş ýere aýdylandyr öýdýärsiňizmi?


Olar Abymelege Bagalberit buthanasyndan ýetmiş kümüş teňňe alyp berdiler. Belli bir işiň başyny tutman, işsiz, göwne gelenini edip, göwün hoşlap gezip ýören adamlara Abymelek şol kümüşleri berip, olary hakyna tutdy-da, öz yzyna düşürdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan