Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 17:4 - Mukaddes Kitap

4 Olardan käbiri Pawlus bilen Silasa ynanyp, olara goşuldylar. Şeýle hem Rebbe sežde edýän köp sanly grekler we ýokary mertebeli ençeme aýallar olara goşuldylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Олардан кәбири Павлус билен Силаса ынанып, олара гошулдылар. Шейле хем Реббе сежде эдйән көп санлы греклер ве ёкары мертебели энчеме аяллар олара гошулдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 17:4
31 Iomraidhean Croise  

Akyldarlar bilen ýöreýän akylly bolar, akmak bilen gatnaşýan zyýana galar.


Nadanlykdan çyk, şonda ýaşarsyň. Paýhas ýolundan ýöre».


Ýaryň nirä gitdi, eý, gözelleriň gözeli? Haýsy ýana ýöneldi ol? Ony yzlaly seniň bilen.


Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.


Onsoň ýahudylaryň baştutanlary biri-birine: «Bu Adam biz tapyp bilmez ýaly, nirä gitjekkä? Grekleriň arasyna dargap giden ýahudylaryň ýanyna gidip, greklere-de öwretjekmikä?


Sinagogadaky halk gidenden soň, ýahudylaryň we ýahudy dinini kabul edenleriň köpüsi Pawlus bilen Barnabyň yzyna düşdüler. Pawlus bilen Barnap olara hemişe Hudaýyň merhemeti bilen ýaşamaklaryny öwüt-nesihat etdiler.


Emma ýahudylar şäheriň ýokary mertebeli hudaýhon aýallaryny we at-abraýly erkeklerini Pawlus bilen Barnabyň garşysyna öjükdirdiler. Şeýlelikde, olary yzarlap, öz ýurtlaryndan kowup çykardylar.


Pawlus bilen Barnap Ikoniýa şäherinde hem adatdakysy ýaly ýahudylaryň sinagogasyna bardylar. Ol ýerde olar şeýle bir täsirli wagyz etdiler welin, köp sanly ýahudylar we keseki milletler iman etdiler.


Şäheriň halky ikä bölündi; olaryň bir bölegi ýahudylaryň, bir bölegi-de resullaryň tarapyna geçdi.


Soňra resullar we ýygnagyň ýolbaşçylary tutuş imanlylar ýygnagy bilen birlikde birnäçe adamy saýlap, olary Pawlus hem-de Barnap bilen Antiýoha ibermek kararyna geldiler. Olar iki adamy: Barsaba lakamly Ýudasy we Silasy saýladylar, olaryň ikisi-de doganlaryň arasynda ýolbaşçydylar.


Şeýlelikde, biz Ýudas bilen Silasy ýollaýarys, olar biziň ýazanlarymyzy dil üsti bilen tassyklarlar.


Ýudas bilen Silas pygamberdiler. Olar doganlara köp öwüt-nesihat edip, olaryň imanyny berkitdiler.


Pawlus bolsa Silasy saýlady, imanlylar olary Rebbiň merhemetine tabşyranlaryndan soňra, olar ýola düşdüler.


Pawlus Timoteosy özi bilen äkitmek isleýärdi. Şonuň üçin ony sünnet etdirdi, sebäbi ol ýerde ýaşaýan ýahudylaryň hemmesi Timoteosyň kakasynyň grekdigini bilýärdi.


Doganlar şol gijäniň özünde Pawlus bilen Silasy Beriýa şäherine iberdiler. Olar şähere gelip, ýahudylaryň sinagogasyna bardylar.


Ýahudylaryň köpüsi, şeýle hem at-abraýly ençeme grek aýallary we erkekleri Isa iman etdiler.


Şonda doganlar Pawlusy şobada deňziň kenaryna ugratdylar. Silas bilen Timoteos bolsa Beriýada galdylar.


Şonuň üçin Pawlus sinagogada ýahudylar we Rebbe sežde edýän köp sanly grekler bilen gürrüňleşdi. Şeýle hem her gün bazarda duş gelen adamlara wagyz etdi.


Birnäçe adam oňa goşulyp iman etdi. Olaryň arasynda mejlis agzasy Diýonis, şeýle hem, Damara atly bir aýal we başga-da ençeme adamlar bardy.


Pawlus her Sabat güni sinagogada Hoş Habar hakda pikir alşyp, ýahudylary we grekleri ynandyrmaga çalyşýardy.


Bu iş iki ýyl dowam etdi. Şeýdip, Aziýa welaýatynda ýaşaýanlaryň hemmesi: ýahudylaram, greklerem Rebbiň Hoş Habaryny eşitdiler.


Iman edenleriň hemmesi bilediler. Olar ähli zatlaryny orta goýýardylar.


Olar: «Eý, ysraýyl halky! Kömek ediň! Bu adam ähli ýerde biziň halkymyza, Musanyň bize beren kanunyna, ybadathanamyza garşy hemmelere ters sapak berýär. Munuň üstesine-de, grekleri ybadathana getirip, bu mukaddes ýeri harama çykardy» diýip gygyrdylar.


Käbirleri onuň sözlerine ynandy, käbiri ynanmady.


Petrus bilen Ýohanna boşanlaryndan soň, dostlarynyň ýanyna gaýdyp bardylar we ýolbaşçy ruhanylaryň, ýaşulularyň özlerine aýdanlarynyň baryny olara habar berdiler.


Bu eden tamamyzdan-da artyk boldy. Olar özlerini ilki Rebbe, soňra-da Hudaýyň islegine görä bize bagyş etdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan