Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 17:3 - Mukaddes Kitap

3 Ol Mesihiň görgi görmeginiň we soňra ölümden direlmeginiň gerek bolandygyny düşündirip subut etdi. Ol: «Meniň size wagyz edýän Isam Mesihdir» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Ол Месихиң гөрги гөрмегиниң ве соңра өлүмден дирелмегиниң герек боландыгыны дүшүндирип субут этди. Ол: «Мениң сизе вагыз эдйән Исам Месихдир» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 17:3
16 Iomraidhean Croise  

Olar biri-birlerine: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bize Mukaddes Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy diýsene?» diýişdiler.


Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.


Isa olara: «Mesih görgi görer we üçülenji gün ölümden direler diýip ýazylandyr.


Şol pursada çenli olar Mukaddes Ýazgylarda Isanyň direljekdigi barada aýdylan sözlere henizem düşünmändiler.


Günleriň birinde Isa olar bilen saçagyň başynda otyrka, şeýle buýruk berdi: «Iýerusalimden gitmäň, Meniň owal aýdyşym ýaly, Atamyň wada beren peşgeşine garaşyň.


Ol Mukaddes Ýazgylar esasynda Isanyň Mesihdigini subut edip, ýahudylaryň nähakdygyny halkyň öňünde aç-açan paş edýärdi.


Silas bilen Timoteos Makedoniýadan gelenlerinden soň, Pawlus tutuş wagtyny Isa hakdaky habary wagyz etmäge bagyşlady. Ol ýahudylara Isanyň Mesihdigi barada şaýatlyk etdi.


Emma Hudaý Öz Mesihiniň görgi görjekdigi barada ähli pygamberleriň üsti bilen öňden aýdanlaryny berjaý etdi.


Şawulyň erk-ygtyýary bolsa gün-günden güýçlenýärdi. Ol Isanyň Mesihdigini subut etmek bilen, Damaskda ýaşaýan ýahudylaryň başyny çaşyrdy.


Eý, akmak galatýalylar! Siziň gözüňizi kim baglady? Men size Hoş Habary wagyz edenimde, haça çüýlenen Isa Mesihi hut öz gözüňiz bilen görýän ýalydyňyz ahyryn!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan