Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 17:2 - Mukaddes Kitap

2 Pawlus adatdakysy ýaly sinagoga gitdi we üç Sabat güni olar bilen Mukaddes Ýazgylar boýunça gürrüň etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Павлус адатдакысы ялы синагога гитди ве үч Сабат гүни олар билен Мукаддес Язгылар боюнча гүррүң этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 17:2
18 Iomraidhean Croise  

Reb şeýle diýýär: «Geliň, indi düşünişeliň, günäleriňiz gyrmyzy dek bolsa-da, olar gar kimin ak bolarlar, gyrmyzy dek gyzyl bolsalar-da, ak ýüň dek bolarlar.


Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly jan berer, emma Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň halyna waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy» diýip jogap berdi.


Bir gün Isa Öz dogduk mekany bolan Nasyra gitdi. Ol Sabat güni adatdaky ýaly sinagoga baryp, Mukaddes Ýazgylardan okamak üçin ýerinden turdy.


Isa oňa jogap berip: «Men dünýä ähli zady aç-açan aýtdym. Ähli ýahudylaryň ýygnanýan sinagogalarynda we ybadathanada hemişe öwretdim, gizlinlikde hiç zat aýtmadym.


Olar bolsa Pergadan ýollaryny dowam etdirip, Pisidýadaky Antiýoh şäherine geldiler. Sabat güni sinagoga gelip, ol ýerde oturdylar.


Onsoň Salamise gelip, ýahudylaryň sinagogalarynda Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etdiler. Ýohanna hem olaryň ýanynda bolup, kömek berýärdi.


Pawlus bilen Barnap Ikoniýa şäherinde hem adatdakysy ýaly ýahudylaryň sinagogasyna bardylar. Ol ýerde olar şeýle bir täsirli wagyz etdiler welin, köp sanly ýahudylar we keseki milletler iman etdiler.


Doganlar şol gijäniň özünde Pawlus bilen Silasy Beriýa şäherine iberdiler. Olar şähere gelip, ýahudylaryň sinagogasyna bardylar.


Şonuň üçin Pawlus sinagogada ýahudylar we Rebbe sežde edýän köp sanly grekler bilen gürrüňleşdi. Şeýle hem her gün bazarda duş gelen adamlara wagyz etdi.


Pawlus her Sabat güni sinagogada Hoş Habar hakda pikir alşyp, ýahudylary we grekleri ynandyrmaga çalyşýardy.


Pawlus üç aýlap sinagoga baryp, ol ýerde halka ynandyryjy deliller bilen Hudaýyň Şalygy barada batyrgaý wagyz etdi.


Pawlus dogrulyk, özerklilik hem geljek höküm hakda söhbet edende, Feliks gorkup: «Boldy, häzirlikçe git, amatly pursat gelende, ýene seni çagyrdaryn» diýdi.


Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi.


Onsoň Filip düşündirmäge başlady, Mukaddes Ýazgylaryň şu ýerdäki parçasyndan başlap, Isa hakdaky Hoş Habary oňa wagyz etdi.


Ol dessine sinagogalara baryp, Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada wagyz etmäge başlady.


Çünki men kabul edenimi örän wajyp habar hökmünde size-de gowşurdym. Bu habar, ine, şundan ybarat: Mukaddes Ýazgylara görä, Mesih biziň günälerimiz üçin öldi.


Indi bolsa turuň, men sizi hem-de ata-babalaryňyzy halas etmek üçin Rebbiň eden ähli dogry işleri esasynda Onuň huzurynda sizi ýazgaraýyn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan