Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 17:16 - Mukaddes Kitap

16 Pawlus Afinyda Silas bilen Timoteosa garaşýarka, şäheriň butlardan doludygyny görüp, ýüregi gyýyldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Павлус Афиныда Силас билен Тимотеоса гарашярка, шәхериң бутлардан долудыгыны гөрүп, йүреги гыйылды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 17:16
20 Iomraidhean Croise  

Ylýas Oňa şeýle jogap berdi: «Men Hökmürowan Hudaý Rebbe gaty wepaly boldum. Ysraýyllar Seniň ähtiňi unudyp, Seniň gurbanlyk sypalaryňy ýykyp, Seniň pygamberleriňi öldürdiler. Meniň diňe ýeke özüm galdym. Olar şu wagt meniň janyma kast etmek üçin meni yzarlap ýörler».


Ylýas Oňa şeýle diýip jogap berdi: «Men Hökmürowan Hudaý Rebbe gaty wepaly boldum, çünki ysraýyllar Seniň ähtiňi unudyp, Seniň gurbanlyk sypalaryňy ýykyp, pygamberleriňi öldürdiler. Indi men ýeke galdym. Olar meniň janyma kast etmek üçin meni yzarlap ýörler».


Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.


Men bolsa Ýakuba ýazygyny, Ysraýyla günäsini jar etmäge, Rebbiň Ruhy bilen güýçden, adalatdan, gudratdan doludyryn.


Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynandy. Ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy.


Ýahudylaryň Pesah baýramynyň golaýlaşýandygy üçin Isa Iýerusalime gitdi.


Pawlusy ugradýanlar ony Afina çenli getirdiler. Olar Pawlusdan: «Silas bilen Timoteos tizden-tiz meniň ýanyma gelsinler» diýen buýrugy alansoňlar, Beriýa şäherine dolanyp geldiler.


Hemme afinylylar we ol ýerde ýaşaýan başga milletler ähli wagtlaryny täze düşünjeler barada gürrüň etmek ýa-da diňlemek bilen geçirýärdiler.


Men bütin şähere aýlanyp çykyp, siziň ybadat edýän zatlaryňyzy gözden geçirdim. Bu zatlaryň arasyndan „NÄTANYŞ HUDAÝA“ diýen ýazgyly bir gurbanlyk sypasyny gördüm. Ine, men size özüňiziň tanamazdan sežde edýän Hudaýyňyz barada gürrüň bermekçi.


Mundan soň Pawlus Afinyny taşlap, Korintosa gitdi.


Indi bolsa Mukaddes Ruha boýun egip, Iýerusalime gidýärin. Ol ýerde başyma nämeleriň geljegini bilemok.


Biz didaryňyzdan mundan artyk mahrum bolmaga çydaman, Afinyda ýeke galmagy makul gördük.


Azgynlaryň ahlaksyz ýaşaýşyndan jebir çeken dogruçyl Luty halas etdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan