Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 17:12 - Mukaddes Kitap

12 Ýahudylaryň köpüsi, şeýle hem at-abraýly ençeme grek aýallary we erkekleri Isa iman etdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Яхудыларың көпүси, шейле хем ат-абрайлы энчеме грек аяллары ве эркеклери Иса иман этдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 17:12
13 Iomraidhean Croise  

mejlisiň sylanýan agzasy, Hudaýyň Şalygyna umyt bilen garaşýan arimatiýaly Ýusup geldi. Ol ýüregine daş baglap, Pilatyň ýanyna bardy we ondan Isanyň jesedini diledi.


Hudaýyň yradasyny berjaý etmek isleýän adam Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyna ýa-da Özümdendigine göz ýetirer.


Pawlus bilen Barnap hem batyrgaýlyk bilen şeýle diýdiler: «Hudaýyň Hoş Habary ilki size wagyz edilmelidi. Emma siz ony ret etdiňiz! Bu bolsa siziň baky ýaşaýşa mynasyp däldigiňizi subut edýär. Şonuň üçin biz keseki milletlere ýüzlenýäris.


Emma ýahudylar şäheriň ýokary mertebeli hudaýhon aýallaryny we at-abraýly erkeklerini Pawlus bilen Barnabyň garşysyna öjükdirdiler. Şeýlelikde, olary yzarlap, öz ýurtlaryndan kowup çykardylar.


Pawlus bilen Barnap Ikoniýa şäherinde hem adatdakysy ýaly ýahudylaryň sinagogasyna bardylar. Ol ýerde olar şeýle bir täsirli wagyz etdiler welin, köp sanly ýahudylar we keseki milletler iman etdiler.


Hudaýa alkyş okap, bütin il içinde hormatlanylýardylar. Hudaý hem halas bolanlaryň sanyny günsaýyn köpeldýärdi.


Eý, doganlar! Hudaý sizi çagyrmanka özüňiziň kim bolandygyňyzy ýada salyň. Araňyzda ynsan nukdaýnazaryndan dana, ygtyýarly, asylzada saýylýanlaryňyz köp däldi.


Çünki nur ähli zady äşgär edýändir. Şonuň üçin şeýle diýilýär: «Oýan, eý, uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa nur saçar».


Baý bolsa Hudaýyň nazarynda özüniň pespälligi bilen buýsansyn. Çünki baýlyk otuň güli deý solup gider.


Şonuň üçin hem ahlak hapalygyny we her dürli ýamanlyk galyndysyny zyňyp taşlaň-da, Hudaýyň kalbyňyza eken sözüni pespällik bilen kabul ediň. Bu söz janyňyzy halas etmegi başarýandyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan