Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 17:10 - Mukaddes Kitap

10 Doganlar şol gijäniň özünde Pawlus bilen Silasy Beriýa şäherine iberdiler. Olar şähere gelip, ýahudylaryň sinagogasyna bardylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Доганлар шол гиҗәниң өзүнде Павлус билен Силасы Берия шәхерине ибердилер. Олар шәхере гелип, яхудыларың синагогасына бардылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 17:10
16 Iomraidhean Croise  

Bir gün Petrus ýygnanyşan ýüz ýigrimä golaý doganlaryň ortasynda durup, şeýle diýdi:


Soňra resullar we ýygnagyň ýolbaşçylary tutuş imanlylar ýygnagy bilen birlikde birnäçe adamy saýlap, olary Pawlus hem-de Barnap bilen Antiýoha ibermek kararyna geldiler. Olar iki adamy: Barsaba lakamly Ýudasy we Silasy saýladylar, olaryň ikisi-de doganlaryň arasynda ýolbaşçydylar.


Pawlus bilen Silas Anfipol we Apoloniýa şäherleriniň içinden geçip, Salonikä geldiler. Ol ýerde ýahudylaryň bir sinagogasy bardy.


Pawlus adatdakysy ýaly sinagoga gitdi we üç Sabat güni olar bilen Mukaddes Ýazgylar boýunça gürrüň etdi.


Olardan käbiri Pawlus bilen Silasa ynanyp, olara goşuldylar. Şeýle hem Rebbe sežde edýän köp sanly grekler we ýokary mertebeli ençeme aýallar olara goşuldylar.


Emma olary tapyp bilmänsoňlar, Ýason bilen birnäçe doganlary şäher ýolbaşçylarynyň öňüne süýräp getirip: «Bu adamlar bütin dünýäde bulagaýlyk döredip, biziň şäherimize hem geldiler.


Beriýadan Pirrosyň ogly Sopater, Salonikiden Aristarh bilen Sekond, Derbeden Gaýus hem Timoteos, şeýle hem Aziýa welaýatyndan Tihik bilen Trofym dagy onuň bilen bile gitdiler.


Ol dessine sinagogalara baryp, Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada wagyz etmäge başlady.


Şägirtler bolsa gijäniň bir wagty ony sebediň içine salyp, şäheriň diwaryndan sallap düşürdiler.


Biziň ozal Filipide horluk çekendigimizi, kemsidilendigimizi hem bilýänsiňiz. Indi bolsa bärde-de garşylyga duçar bolduk. Emma muňa garamazdan, Hudaý Öz Hoş Habaryny size hem wagyz etmek üçin bize gujur-gaýrat berdi.


Soňra Ýonatan Dawuda: «„Özümize hem-de neslimize Reb ebedilik şaýat bolsun“ diýip, ikimiz hem Rebden äht edişdik ahyryn. Bar, indi sen arkaýyn gidiber» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan