8 Onsoň Misýanyň üsti bilen Troasa gitdiler.
8 Онсоң Мисяның үсти билен Троаса гитдилер.
Şeýlelikde, Troasdan gämi bilen göni Samofrakiýa, ertesi hem Neapolise gitdik.
Olar Misýa serhedine gelip, Bitiniýa welaýatyna girmekçi boldular. Emma Isa Mukaddes Ruh arkaly olara rugsat bermedi.
Bular öňden gidip, Troasda bize garaşdylar.
Biz hem Petir baýramyndan soňra Filipiden gämi bilen ýola düşdük. Bäş günde olaryň ýanyna – Troasa gelip ýetdik. Ol ýerde ýedi gün bolduk.
Men Mesihiň Hoş Habaryny wagyz etmäge Troas şäherine baranymda, maňa Reb tarapyndan bir gapy açyldy.
Gaýdanyňda, ýol ugruna Troasda Karbyň ýanynda goýup gaýdan donumy, kitaplarymy, ylaýta-da teletinden edilen kitaplary alyp gaýt.