Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 16:2 - Mukaddes Kitap

2 Listradaky we Ikoniýadaky doganlar ol barada gowy sözler aýdýardylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Листрадакы ве Икониядакы доганлар ол барада говы сөзлер айдярдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 16:2
14 Iomraidhean Croise  

Bir gün Petrus ýygnanyşan ýüz ýigrimä golaý doganlaryň ortasynda durup, şeýle diýdi:


Bu iki resul bolsa olara garşylyk hökmünde, aýaklarynyň tozuny kakyp, Ikoniýa şäherine gitdiler.


Pawlus bilen Barnap Ikoniýa şäherinde hem adatdakysy ýaly ýahudylaryň sinagogasyna bardylar. Ol ýerde olar şeýle bir täsirli wagyz etdiler welin, köp sanly ýahudylar we keseki milletler iman etdiler.


Derbede olar Hoş Habary wagyz edip, köp şägirt topladylar. Soňra Listra, Ikoniýa we Antiýoha dolanyp geldiler.


Resullar mundan habarly bolansoňlar, Likaoniýanyň Listra, Derbe şäherlerine we olaryň daş-töweregine gaçdylar.


Pawlus bilen Silas zyndandan çykyp, Lidiýanyň öýüne bardylar. Olar bu ýerde imanlylar bilen duşuşyp, olary ruhlandyrdylar, soňra ol ýerden gitdiler.


Eý, doganlar, öz araňyzdan ýedi adamy saýlaň. Olar Mukaddes Ruhdan we akyl-paýhasdan doly, atly-abraýly adamlar bolsunlar. Bu hyzmaty şolara tabşyralyň.


Emma Timoteosyň sadyklygy size mälimdir. Ol maňa Hoş Habary wagyz etmekde edil ogluň öz atasyna hyzmat edişi ýaly hyzmat etdi.


Biabraýlyga uçramaz ýaly we iblisiň duzagyna düşmez ýaly, ol ýygnagyň daşyndaky adamlaryň arasynda hem sylanylýan bolmalydyr.


Şeýle dul aýal il arasynda öz ýagşy işleri bilen tanalmaly: çagalaryny kemala getiren, myhmansöýer, imandaky doganlaryna hyzmat eden we muşakgat içindäkilere ýardam beren, umuman, elmydama ýagşylyk etmäge ymtylýan bolmalydyr.


Şonuň ýaly, oňat işleriňem käbirleri äşgär, käbirleri bolsa äşgär däldir. Ýöne äşgär dälleri hem iru-giç mälim bolýandyr.


Sen Mukaddes Ýazgylary hem oglanlykdan bäri bilýänsiň. Bu Ýazgylar Isa Mesihe bolan iman arkaly seni paýhasly edip, halas bolmagyň ýoluny görkezer.


Ata-babalarymyz iman arkaly Hudaýy hoşnut etdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan