Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 16:16 - Mukaddes Kitap

16 Bir gün ybadat edilýän ýere barýarkak, palçylyk ruhy eýelän bir hyzmatkär gyza duş geldik. Bu gyz pal atmaklyk bilen hojaýynlaryna köp pul gazanyp berýärdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Бир гүн ыбадат эдилйән ере баряркак, палчылык рухы эелән бир хызматкәр гыза душ гелдик. Бу гыз пал атмаклык билен хоҗайынларына көп пул газанып берйәрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 16:16
21 Iomraidhean Croise  

Manaşa ogluny otdan geçirdi, gözbagçylyk we täleýe garamaklyk bilen meşgullandy. Ol palçylyk, jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.


Şeýdip, Şawul Hudaýa biwepalyk edendigi üçin öldi. Ol Rebbiň buýrugyny berjaý etmänliginden ötri, jadygöýden maslahat sorapdy.


Halk size şeýle diýse: «Pyşyrdaýan we samyrdaýan ruh çagyrýanlara we jadygöýlere ýüz tutuň; halk öwüt-nesihat üçin öz hudaýlaryna, dirileriň adyndan ölülere ýüz tutmaly dälmi näme?» Şeýle diýýänler daň şapagyny görmezler!


Jadygöýlere we palçylara ýüz tutmaň. Olardan maslahat sorap, özüňizi haram etmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Jadygöý, palçy bolan erkegu-aýal daşlanyp öldürilsin. Olaryň gany öz boýunlarynadyr“».


Eger kimde-kim biwepalyk edip, jadygöýleriň we palçylaryň yzyna eýerse, Men ondan ýüz öwrerin we ony Öz halkymdan çetleşdirerin.


Sabat güni biz şäherden derýa ýakasyna çykdyk. Ol ýerde ybadat edilýän ýeriň bardygyny bilýärdik. Onsoň ol ýerde ýygnanan aýallar bilen oturyp, olara gürrüň bermäge başladyk.


Ol ençeme günläp şeýle diýip gygyrmagyny dowam etdi. Ahyry Pawlus bizar bolup, yzyna öwrülip, arwah-jyna: «Isa Mesihiň adyndan buýurýaryn: bu gyzyň içinden çyk!» diýdi. Arwah-jyn şol pursadyň özünde gyzdan çykdy.


Onuň hojaýynlary gazanç umytlarynyň elden gidenini görüp, Pawlus bilen Silasy tutup, bazar meýdançasyna süýräp getirdiler.


Demetreý atly bir zergär bardy. Ol kümüşden Artemis buthanasynyň şekillerini ýasamak bilen ussalara köp girdeji getirerdi.


butparazlyk we doga-jadygöýlikdir; ýigrenç, agzalalyk, göriplik, gahar, bäsdeşlik, jedel, bölünişik


sebäbi pul höwesi ähli bela-beteriň körügidir. Käbir adamlar onuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, özlerini köp görgülere sezewar etdiler.


Ýannis bilen Ýambrisiň Musa garşy çykyşy ýaly, bu adamlar hem hakykata garşy çykýandyrlar. Olaryň pikiri bozuk, imanlary bolgusyzdyr.


Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.


Şamuwel ölüpdi we bütin ysraýyl halky onuň ýasyny tutupdy. Ony Ramada – öz galasynda jaýladylar. Şawul bolsa porhanlardyr jadygöýleri çykaryp kowupdy.


Soňra Şawul öz hyzmatkärlerine: «Maňa bir porhan aýal tapyň. Men onuň ýanyna gidip, ondan bir zady haýyş etjek» diýdi. Hyzmatkärler oňa: «Endorda bir porhan bar» diýdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan