Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 15:7 - Mukaddes Kitap

7 Ýygnakda gürrüň uzaga çekensoň, Petrus ýerinden turup, olara şeýle diýdi: «Doganlar! Özüňiz bilýänsiňiz, keseki milletlere Hoş Habary wagyz etmegim üçin, ençeme wagt mundan öň Hudaý araňyzdan meni saýlady. Ol muny milletleriň Hoş Habary eşidip, iman etmegi üçin şeýle etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Йыгнакда гүррүң узага чекенсоң, Петрус еринден туруп, олара шейле дийди: «Доганлар! Өзүңиз билйәнсиңиз, кесеки миллетлере Хош Хабары вагыз этмегим үчин, энчеме вагт мундан өң Худай араңыздан мени сайлады. Ол муны миллетлериң Хош Хабары эшидип, иман этмеги үчин шейле этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 15:7
25 Iomraidhean Croise  

Häzir bolsa ýola düş, Men saňa sözlemäge kömek ederin we saňa näme aýtmalydygyňy öwrederin» diýdi.


Soňra Reb elini uzadyp, agzyma degirdi we maňa şeýle diýdi: «Ine, Men sözlerimi seniň agzyňa saldym.


Siz Meni däl-de, Men sizi saýladym. Men siziň gidip, hiç solmaýan miwe bermegiňiz üçin saýlap-seçdim. Şoňa görä Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer.


Ýahýa olara şeýle jogap berdi: «Gökden berilmese, ynsan hiç zat edip bilmez.


«Eý, doganlar! Isany tutmaga gelenlere ýolbaşçylyk eden Ýudas hakda Mukaddes Ruh Dawut arkaly owal-başdan pygamberlik edipdi. Mukaddes Ýazgylardaky şol sözler amala aşmalydy.


Onsoň Hudaýa doga-dileg edip: «Ýa Reb! Sen hemmäniň ýüregini bilýärsiň. Ine, şu ikisinden haýsy birini resullyga saýlan bolsaň, bize görkez,


Petrus henizem bu görnüş barada oýlanyp otyrka, Mukaddes Ruh oňa: «Ine, üç adam seni gözläp ýör.


Tur, aşak düş, ikirjiňlenme-de, olar bilen git. Olary Men ýolladym» diýdi.


Bular Rebbe ybadat edip, agyz bekleýärkäler, Mukaddes Ruh: «Barnap bilen Şawuly Maňa bagyş ediň, goý, olar Meniň tabşyran işimi berjaý etsinler» diýdi.


Ine, Simun bize Hudaýyň ilki bilen keseki milletlere nähili nazar salandygyny we olaryň arasyndan Özüne bir halk saýlap alandygyny düşündirip berdi.


Pawlus bilen Barnap bu adamlar bilen köp çekeleşip jedelleşdiler. Onsoň bu meseläni çözmek üçin, beýleki doganlaryň birnäçesi bilen birlikde, Pawlus bilen Barnap Iýerusalimdäki resullaryň, ýolbaşçylaryň ýanyna gitmeli diýen karara gelindi.


Şeýlelikde, aralarynda agzalalyk döräp, olar biri-birlerinden aýryldylar. Barnap ýanyna Marky alyp, gämi bilen Kipre gitdi.


Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.


Kaýsariýadan şägirtleriň birnäçesi hem biziň bilen bile gaýtdylar. Olar bizi Minason diýen adamyň öýüne getirdiler, biz onuňkyda galmalydyk. Minason kiprli bolup, ilkibaşdaky şägirtleriň biridi.


Emma Hudaý Öz Mesihiniň görgi görjekdigi barada ähli pygamberleriň üsti bilen öňden aýdanlaryny berjaý etdi.


Sen Mukaddes Ruh arkaly Öz guluň – atamyz Dawudyň üsti bilen şeýle diýdiň: „Milletler näme üçin gazaba münýär? Halklar nämä biderek pitne turuzýar?


Reb Isa oňa: «Bar, ýola düş! Bu adam Meniň saýlan guralymdyr. Ol keseki milletleriň, patyşalaryň we ysraýyl halkynyň öňünde Meniň adymy meşhur eder.


Her bir zady hüňürdemän, zeýrenmän berjaý ediň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan