Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 15:3 - Mukaddes Kitap

3 Imanlylar ýygnagy olary ýola salyp ugratdy. Olar Finikiýanyň we Samariýanyň içinden geçip, keseki milletleriň-de Hudaýy kabul edendikleri barada gürrüň berdiler. Bu habar hemme imanlylara uly şatlyk getirdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Иманлылар йыгнагы олары ёла салып угратды. Олар Финикияның ве Самарияның ичинден гечип, кесеки миллетлериң-де Худайы кабул эдендиклери барада гүррүң бердилер. Бу хабар хемме иманлылара улы шатлык гетирди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 15:3
27 Iomraidhean Croise  

Bu gün bolsa toý edip, şatlanmak gerek, sebäbi seniň iniň ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýip jogap berýär».


Bir gün Petrus ýygnanyşan ýüz ýigrimä golaý doganlaryň ortasynda durup, şeýle diýdi:


Milletler muny eşidenlerinde şatlanyp, Rebbiň Hoş Habaryna uly hormat goýdular. Şeýlelikde, baky ýaşaýyş üçin saýlananlaryň hemmesi iman etdi.


Antiýohdaky şägirtler bolsa şatlykdan we Mukaddes Ruhdan doldular.


Antiýoha gelenlerinden soň, resullar ýygnagy bir ýere çagyryp, olara Hudaýyň özleri arkaly ähli bitiren işlerini we ýahudy dälleriň iman etmegi üçin, Onuň açan ýoly barada gürrüň berdiler.


Ýahudyýadan birnäçe adam Antiýoha gelip, doganlara: «Musanyň adaty boýunça sünnetlenmeseňiz, halas bolup bilmersiňiz» diýip öwredýärdiler.


Onsoň hemmeler dymyp, Pawlus bilen Barnaby diňlediler. Olar Hudaýyň özleri arkaly keseki milletlere görkezen beýik alamatlaryny we mugjyzalaryny gürrüň berdiler.


Soňra resullar we ýygnagyň ýolbaşçylary tutuş imanlylar ýygnagy bilen birlikde birnäçe adamy saýlap, olary Pawlus hem-de Barnap bilen Antiýoha ibermek kararyna geldiler. Olar iki adamy: Barsaba lakamly Ýudasy we Silasy saýladylar, olaryň ikisi-de doganlaryň arasynda ýolbaşçydylar.


Ýudas bilen Silas pygamberdiler. Olar doganlara köp öwüt-nesihat edip, olaryň imanyny berkitdiler.


Iýerusalime gelenlerinde bolsa, resullardyr ýolbaşçylar we tutuş ýygnak olary gyzgyn garşylady. Pawlus bilen Barnap Hudaýyň özleri arkaly bitiren ähli işlerini ýygnananlara gürrüň berdiler.


Pawlusy ugradýanlar ony Afina çenli getirdiler. Olar Pawlusdan: «Silas bilen Timoteos tizden-tiz meniň ýanyma gelsinler» diýen buýrugy alansoňlar, Beriýa şäherine dolanyp geldiler.


Pawlusyň: «Indi meni hiç haçan görmersiňiz» diýen sözleri olary örän tukatlandyrdy. Soňra olar ony gämä çenli ugratdylar.


Biziň wagtymyz dolanda, ýene ýola düşüp, syýahatymyzy dowam etdirdik. Imanlylaryň hemmesi, aýallary we bala-çagalary bilen bile şäheriň daşyna çenli bizi ugratdy. Onsoň kenarda dyza çöküp, Hudaýa doga-dileg etdik.


Rimdäki doganlar biziň gelendigimizi eşidip, bizi garşylamak üçin ol ýerden Appiýus bazaryna we Üç kerwensaraý diýen oba çenli geldiler. Pawlus olary görende, Hudaýa şükür edip, ýene gaýrata galdy.


Resullar samariýalylaryň Hudaýyň Hoş Habaryny kabul edendigini Iýerusalimde eşidip, Petrus bilen Ýohannany olaryň ýanyna iberdiler.


Ispaniýa barýarkam ýanyňyza sowlup geçerin. Az salymlyk bolsa-da, siziň bilen didarlaşanymdan soň, ýol şaýymy tutup, meni ýola salarsyňyz diýen umydym bar.


Şoňa görä-de, hiç kim Timoteosa äsgermezçilik etmesin. Ol meniň ýanyma dolanar ýaly, ony sag-aman ýola salyň. Men Timoteosyň doganlar bilen gaýdyp gelmegine garaşýaryn.


Belki, men ýanyňyzda biraz galaryn, hatda gyşy şol ýerde geçirmegim-de ahmal. Soňra siz meni gitjek ýerime ugradyp bilersiňiz.


Soňra Makedoniýa gidip, ondan soň ýene size dolanmakçydym. Ol ýerden Ýahudyýa ýurduna meni ýola salarsyňyz diýen niýetim bardy.


Kanunçy Zenasy we Apollony ýola salmazdan öň, olaryň ýol şaýlarynyň gurat bolmagy barada alada et.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan