Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 15:2 - Mukaddes Kitap

2 Pawlus bilen Barnap bu adamlar bilen köp çekeleşip jedelleşdiler. Onsoň bu meseläni çözmek üçin, beýleki doganlaryň birnäçesi bilen birlikde, Pawlus bilen Barnap Iýerusalimdäki resullaryň, ýolbaşçylaryň ýanyna gitmeli diýen karara gelindi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Павлус билен Барнап бу адамлар билен көп чекелешип җеделлешдилер. Онсоң бу меселәни чөзмек үчин, бейлеки доганларың бирнәчеси билен бирликде, Павлус билен Барнап Иерусалимдәки ресулларың, ёлбашчыларың янына гитмели диен карара гелинди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 15:2
20 Iomraidhean Croise  

Hudaýyň buýruşy ýaly, şeýle etseň, onda sen bu işiň hötdesinden gelersiň. Bu adamlaryň ählisi hem öýlerine kanagatlanyp gaýdarlar».


Petrus olary öýe çagyryp myhman aldy. Şol günüň ertesi Petrus olar bilen ýola düşdi. Ýafoly doganlaryň-da käbiri onuň bilen gitdi.


Onsoň Mukaddes Ruh maňa ikirjiňlenmän, olar bilen gitmelidigimi aýtdy. Ýanymdaky bu alty dogan hem meniň bilen bile gitdi, biz ol adamyň öýüne bardyk.


Olar şeýle hem etdiler, puly Barnap we Şawul arkaly ýygnak ýolbaşçylaryna iberdiler.


Şonuň üçin hem aramyzdan birnäçe adamy saýlap, olary eziz dostlarymyz Barnap we Pawlus bilen bile siziň ýanyňyza ýollamagy bir agyzdan karar etdik.


Şeýlelikde, biz Ýudas bilen Silasy ýollaýarys, olar biziň ýazanlarymyzy dil üsti bilen tassyklarlar.


Iýerusalime gelenlerinde bolsa, resullardyr ýolbaşçylar we tutuş ýygnak olary gyzgyn garşylady. Pawlus bilen Barnap Hudaýyň özleri arkaly bitiren ähli işlerini ýygnananlara gürrüň berdiler.


Olar şäherleriň içinden geçip, ol ýerdäki imanlylara Iýerusalimdäki resullar we ýolbaşçylar tarapyndan kabul edilen kararlara eýermekligi tabşyrýardylar.


Ertesi Pawlus biziň bilen birlikde Ýakuby görmäge bardy, Iýerusalimdäki ýygnagyň ähli ýolbaşçylary-da şol ýerdediler.


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Sosfenden


Ýöne men siziň şol «beýik resullaryňyzdan» asla kem däldirin!


Emma Hoş Habaryň hakykaty siziň bilen galsyn diýip, biz bu dogansumaklara bir pursat-da eglişik etmedik.


Eý, söýgüli doganlar! Men size Hudaýyň meni we sizi nähili halas edendigi barada ýazmagy juda makul bilýärdim. Emma muňa derek Hudaýyň Öz halkyna bir gezekde müdimilik tabşyran imany ugrunda sizi göreşmäge ruhlandyryp ýazmagymyň has-da wajypdygyna göz ýetirdim.


Reb Şamuwele şeýle seslendi: «Halkyň sözüni soňuna çenli diňle. Çünki olar seni däl-de, Meniň özleriniň patyşasy bolmagymy inkär etdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan