Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 15:10 - Mukaddes Kitap

10 Beýle bolsa, näme üçin ata-babalarymyzyň we özümiziň göterip bilmedik boýuntyrygymyzy şägirtleriň boýnuna salýaňyz? Hudaýy synajak bolýarsyňyzmy?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Бейле болса, нәме үчин ата-бабаларымызың ве өзүмизиң гөтерип билмедик боюнтырыгымызы шәгиртлериң бойнуна саляңыз? Худайы сынаҗак болярсыңызмы?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 15:10
11 Iomraidhean Croise  

Olar Musa bilen dawalaşyp, ondan içer ýaly suw talap etdiler. Musa olara: «Näme üçin siz meniň bilen dawalaşýarsyňyz? Näme üçin siz Rebbi synaýarsyňyz?» diýdi.


Emma Ahaz: «Sorajak däl, Rebbi synajak däl» diýdi.


Olar agyr, götermesi kyn ýükleri baglap, adamlaryň gerşine goýýandyrlar, ýöne özleri bu ýükleri götermek üçin, barmagyny hem gymyldatmak isleýän däldirler.


Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbi synamaň“ diýip hem ýazylgydyr» diýdi.


Petrus oňa: «Näme üçin siz Rebbiň Ruhuny synaga salmak üçin dilleşdiňiz? Anha, seret, seniň adamyňy jaýlanlar gapa golaýlap gelýärler, olar seni hem äkiderler» diýdi.


Indi bolsa siz Hudaýy tanaýarsyňyz, dogrusy, Hudaý tarapyndan tanalýansyňyz. Şundan soň siz nädip şol ejiz we ýaramaz ýörelgelere dolanýarsyňyz?! Ýa-da gaýtadan olaryň guly bolmak isleýärsiňizmi?


Isa Mesih bizi azat etmek üçin boşatdy. Şonuň üçin-de berk duruň, gulçulyk boýuntyrygyny gaýtadan saldyrmaň.


Kyrk ýyllap eden işlerimi görseler-de, ol ýerde atalaryňyz Meni synap gördüler. Şonuň üçin Men bu nesle gazaplanyp diýdim: „Olaryň ýüregi hemişe Menden uzakdyr, Meniň ýollarymdan ýöreýän däldirler“.


Mukaddes çadyr we onuň parzlary häzirki zaman üçin bir nyşandyr. Bu hödürlenýän sadakalar we gurbanlyklar sežde edýän adamyň wyždanyny päkläp bilmeýändigini görkezýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan