Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 14:7 - Mukaddes Kitap

7 Ol ýerlerde-de Hoş Habary wagyz etdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Ол ерлерде-де Хош Хабары вагыз этдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 14:7
8 Iomraidhean Croise  

Stefan öldürilenden soň başlanan yzarlanmalar zerarly imanlylar Finikiýa, Kipre we Antiýoha çenli dargadylar. Olar Hoş Habary ýahudylardan başga hiç kime wagyz etmeýärdiler.


«Adamlar! Näme üçin beýle edýärsiňiz? Biz hem size meňzeş ynsandyrys. Size Hoş Habar alyp geldik. Indi bu boş zatlardan el çekiň-de, ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan diri Hudaýa tarap dolanyň.


Derbede olar Hoş Habary wagyz edip, köp şägirt topladylar. Soňra Listra, Ikoniýa we Antiýoha dolanyp geldiler.


Pawlus bu görnüşi görensoň, Hudaý bizi olara Hoş Habary wagyz etmäge çagyrýar diýen netijä gelip, biz dessine Makedoniýa tarap ýola düşdük.


Pawlus adatdakysy ýaly sinagoga gitdi we üç Sabat güni olar bilen Mukaddes Ýazgylar boýunça gürrüň etdi.


Çar ýana dargaşyp giden imanlylar Hudaýyň Hoş Habaryny ähli ýerde wagyz edýärdiler.


Biziň ozal Filipide horluk çekendigimizi, kemsidilendigimizi hem bilýänsiňiz. Indi bolsa bärde-de garşylyga duçar bolduk. Emma muňa garamazdan, Hudaý Öz Hoş Habaryny size hem wagyz etmek üçin bize gujur-gaýrat berdi.


pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan