Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 14:4 - Mukaddes Kitap

4 Şäheriň halky ikä bölündi; olaryň bir bölegi ýahudylaryň, bir bölegi-de resullaryň tarapyna geçdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Шәхериң халкы икә бөлүнди; оларың бир бөлеги яхудыларың, бир бөлеги-де ресулларың тарапына гечди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 14:4
18 Iomraidhean Croise  

Çünki ogly atasyny äsgermeýär, gyz enesine garşy gidýär, gelin gaýynenesiniň ýüzüni alýar, öz içeriňiz size duşmandyr.


Şimgon olara ak pata berip, enesi Merýeme: «Bu çaga Hudaý tarapyndan berlen alamat bolup, ynsanlar oňa garşy çykarlar. Ol sebäpli Ysraýylda köp adamlar heläk bolar, köp adamlar bolsa ýalkanar.


Şeýlelikde, mähelläniň arasynda Isa barada agzalalyk döredi.


Bular Rebbe ybadat edip, agyz bekleýärkäler, Mukaddes Ruh: «Barnap bilen Şawuly Maňa bagyş ediň, goý, olar Meniň tabşyran işimi berjaý etsinler» diýdi.


Şunça köp mähelläni görüp, ýahudylary göriplik gurşap aldy. Olar Pawlusyň aýdan zatlaryna garşy çykyp, oňa sögdüler.


Emma ýahudylar şäheriň ýokary mertebeli hudaýhon aýallaryny we at-abraýly erkeklerini Pawlus bilen Barnabyň garşysyna öjükdirdiler. Şeýlelikde, olary yzarlap, öz ýurtlaryndan kowup çykardylar.


Emma resullar Barnap bilen Pawlus muny eşidip, ýakalaryny ýyrtyp, halkyň ortasyna kürsäp girdiler. Olar batly ses bilen:


Emma Antiýohdan, Ikoniýadan gelen ýahudylar halky öjükdirip, Pawlusy daşladylar we ölendir öýdüp, ony şäherden süýräp çykardylar.


Emma iman etmedik ýahudylar keseki milletleri bu iki resulyň üstüne küşgürip, imanlylara garşy olaryň aňyny zäherlediler.


Şundan soň ýahudylar we başga milletler özleriniň ýolbaşçylary bilen birlikde resullaryň üstüne topulyp, olary daşlamakçy boldular.


Emma käbirleri keçjallyk edip, ynanmak islemediler we halkyň öňünde «Isanyň Ýoly» atly topary ýamanlamaga başladylar. Şeýlelikde, Pawlus olaryň ýanyndan gaýtdy we imanlylary-da özi bilen alyp gaýtdy. Ol Tiran diýen adamyň diwanhanasynda her gün söhbet etdi.


Käbirleri onuň sözlerine ynandy, käbiri ynanmady.


Imanly bolsa, aýalymyzy ýanymyz bilen äkitmäge hakymyz ýokmy? Petrus we beýleki resullar, Rebbimiz Isanyň inileri hem hut şeýle edýär ahyry.


Eý, doganlar! Siz Hudaýyň Ýahudyýa ýurdundaky ýygnaklarynyň, ýagny Isa Mesihiň jemagatynyň göreldesine eýerdiňiz. Şoňa görä-de, bu ýygnaklaryň ýahudylardan çeken jebirlerini siz hem öz ildeşleriňizden çekmeli bolduňyz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan