9 Şonda Mukaddes Ruhdan dolan Şawul, ýagny Pawlus jadygöýüň gözlerine seredip:
9 Шонда Мукаддес Рухдан долан Шавул, ягны Павлус җадыгөйүң гөзлерине середип:
Men bolsa Ýakuba ýazygyny, Ysraýyla günäsini jar etmäge, Rebbiň Ruhy bilen güýçden, adalatdan, gudratdan doludyryn.
Şonda siziň özüňiz däl-de, siz arkaly Ataňyzyň Ruhy geplär.
Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynandy. Ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy.
Isa ýene-de ellerini onuň gözlerine goýdy. Kör çiňerilip seretdi, şypa tapyp, bar zady aýdyň gördi.
Isa olara bakyp: «Onda „Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy“ diýen ýazgynyň manysy näme?
Olaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doldular we Mukaddes Ruhuň beren ukybyna görä, başga dillerde gepläp başladylar.
Doga-dileg edip bolanlaryndan soň, olaryň üýşüp duran ýeri sarsdy. Hemmeler Mukaddes Ruhdan dolup, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň Hoş Habaryny aýtmaga başladylar.
Şonda Petrus Mukaddes Ruhdan dolup, olara şeýle diýdi: «Eý, halkyň ýolbaşçylary we ýaşululary!
Emma Mukaddes Ruhdan dolan Stefan asmana seredip, Hudaýyň şöhratyny, Hudaýyň sagynda duran Isany gördi.