Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 13:8 - Mukaddes Kitap

8 Emma Barýeşa Barnap bilen Şawula garşy çykdy. Barýeşanyň beýleki ady Eýlim bolup, bu jadygöý diýmegi aňladýar. Ol häkimi iman etmekden ýüz öwürtmäge synanyşdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Эмма Баръеша Барнап билен Шавула гаршы чыкды. Баръешаның бейлеки ады Эйлим болуп, бу җадыгөй диймеги аңладяр. Ол хәкими иман этмекден йүз өвүртмәге сынанышды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 13:8
16 Iomraidhean Croise  

Onsoň Kenagananyň ogly Sidkiýa Mikaýa golaý gelip, ýaňagyna şarpyk çalyp: «Reb sözüni maňa aýan etmän, saňa aýan eder öýdýäňmi?» diýdi.


Ýoldan sowluň, ýodadan aýrylyň, bizi Ysraýylyň Mukaddesi bilen ýüzleşdirmäň» diýýärler.


Şol ýylyň, ýagny dördünji ýylyň bäşinji aýynda Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň patyşalygynyň başlangyjynda gibgonly Azuryň ogly Hananýa pygamber Rebbiň ybadathanasyndaky ruhanylar bilen ähli halkyň öňünde maňa şeýle diýdi:


Andrys ilki bilen dogany Simuny tapyp, oňa: «Biz Mesihi tapdyk» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir).


Häkim ýüze çykan wakany görüp, iman etdi, sebäbi ol Reb Isa hakyndaky taglymata haýran galdy.


Ahaýa welaýatynyň häkimi Galiýonyň döwründe ýahudylar birleşip, Pawlusa garşy çykdylar we ony kazyýete getirdiler.


Demetreýiň ýa-da onuň ýanyndaky ussalaryň birine garşy dawalary bar bolsa, kazyýetiň gapylary açyk, ol ýerde kazylar bar. Goý, biri-birine garşy aýyplamalaryny aýdyp, şol ýerde arz etsinler.


Şeýlelikde, Hudaýyň Hoş Habary has-da ýaýrap, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha köpelýärdi. Köp sanly ruhanylar-da iman etdiler.


Ine, şol şäherde öň jadygöýlik bilen meşgullanyp, Samariýa halkyny haýran galdyran we özüni beýik adam diýip yglan eden Simun atly bir adam bardy.


Ýafoda Tawita atly bir zenan şägirt bardy. Onuň grekçe ady Dorkasdy. Munuň eden ýagşy işleri, beren sadakalary gaty köpdi.


Ýannis bilen Ýambrisiň Musa garşy çykyşy ýaly, bu adamlar hem hakykata garşy çykýandyrlar. Olaryň pikiri bozuk, imanlary bolgusyzdyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan