Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 13:6 - Mukaddes Kitap

6 Olar bütin adany aýlanyp, Pafosa geldiler. Ol ýerde Barýeşa atly bir ýahuda duş geldiler. Ol jadygöý we galp pygamberdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Олар бүтин аданы айланып, Пафоса гелдилер. Ол ерде Баръеша атлы бир яхуда душ гелдилер. Ол җадыгөй ве галп пыгамберди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 13:6
24 Iomraidhean Croise  

Reb ondan: „Nädip?“ diýip sorady. Ol Rebbe: „Men giderin-de, Ahabyň ähli pygamberlerini ýalan sözlederin“ diýip jogap berdi. Onsoň Reb oňa: „Sen git-de, ony yr, sen muny başararsyň“ diýdi.


Şeýdip, Şawul Hudaýa biwepalyk edendigi üçin öldi. Ol Rebbiň buýrugyny berjaý etmänliginden ötri, jadygöýden maslahat sorapdy.


Jadygöýlik bilen meşgullanýan her bir aýaly öldüriň.


Eger kimde-kim biwepalyk edip, jadygöýleriň we palçylaryň yzyna eýerse, Men ondan ýüz öwrerin we ony Öz halkymdan çetleşdirerin.


Eger kimdir biri ýene pygamberlik edäýse, ata-enesi oňa: «Sen diri galmarsyň, sebäbi Rebbiň adyndan ýalan sözleýärsiň» diýer. Ol pygamberlik edende, ata-enesi ony pyçaklar.


Isa Oňa şeýle diýdi: «Eý, Ýunusyň ogly Simun, sen nähili bagtly! Bu syry saňa aýan eden ynsan däl-de, gökdäki Atamdyr.


Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, saýlananlary-da mümkin boldugyça azdyrjak bolup, beýik alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.


Galp pygamberlerden ägä boluň! Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma özleri welin ýyrtyjy möjeklerdir.


Soňra olar Ýeriho şäherine geldiler. Isa şägirtleri we uly mähelle bilen bu şäherden çykyp barýarka, Timaý ogly Bartimeý kör ýoluň gyrasynda dilegçilik edip otyrdy.


Pawlus we onuň ýoldaşlary Pafosdan gämä münüp, Pamfiliýadaky Perga şäherine geldiler. Şol ýerde Ýohanna olardan aýrylyp, Iýerusalime dolandy.


Emma Barýeşa Barnap bilen Şawula garşy çykdy. Barýeşanyň beýleki ady Eýlim bolup, bu jadygöý diýmegi aňladýar. Ol häkimi iman etmekden ýüz öwürtmäge synanyşdy.


Şeýle adamlar galp resullardyr. Olar Mesihiň resullarynyň keşbine girýän kezzap işgärlerdir.


Ýannis bilen Ýambrisiň Musa garşy çykyşy ýaly, bu adamlar hem hakykata garşy çykýandyrlar. Olaryň pikiri bozuk, imanlary bolgusyzdyr.


Mähribanlarym, özünde Hudaýyň Ruhunyň bardygyny aýdýan her bir adama ynanyp ýörmäň. Olaryň Hudaýdandygyny ýa-da däldigini bilmek üçin synagdan geçiriň. Sebäbi dünýäde ençeme galp pygamberler peýda boldy.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan