Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 13:5 - Mukaddes Kitap

5 Onsoň Salamise gelip, ýahudylaryň sinagogalarynda Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etdiler. Ýohanna hem olaryň ýanynda bolup, kömek berýärdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Онсоң Саламисе гелип, яхудыларың синагогаларында Худайың Хош Хабарыны вагыз этдилер. Ёханна хем оларың янында болуп, көмек берйәрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 13:5
20 Iomraidhean Croise  

Elýaşa Ylýas pygamberiň ýanyndan gaýdyp, bir jübüt öküziň boýuntyryklaryny aýryp, olaryň damagyny çaldy. Azalyň agaçlaryny ýakyp, öküzleriň etlerini bişirip, halka paýlady, halk ony iýdi. Ondan soň Elýaşa gidip, Ylýas pygamberiň yzyna eýerip, onuň şägirdi boldy.


Ylýas bu habary eşidip gorkdy. Ol öz janyny gutarmak üçin gaçyp, Ýahudanyň Beýerşeba galasyna geldi. Ol hyzmatkärini şol ýerde galdyrdy.


Emma Ýehoşapat: «Rebden sorap görer ýaly bu ýerde Rebbiň pygamberi ýokmy?» diýdi. Onsoň Ysraýyl patyşasynyň emeldarlarynyň biri: «Şapadyň ogly Elýaşa şu ýerde. Ol Ylýasyň eline suw akydardy» diýip jogap berdi.


Şeýlelikde, Musa kömekçisi Ýeşuwa bilen ornundan turdy. Musa Hudaýyň dagyna çykmaga başlady.


Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim üstün bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun.


Petrus muňa akyl ýetirenden soň, Ýohannanyň ejesi Merýemiň öýüne gitdi. Ýohanna Mark hem diýýärdiler. Ol ýerde köp adam üýşüp, Hudaýa doga edýärdi.


Barnap bilen Şawul hem özlerine tabşyrylan hyzmaty ýerine ýetirip, Iýerusalimden yzyna dolandylar. Olar özleri bilen bile Marky hem alyp gaýtdylar. Markyň beýleki ady Ýohannady.


Olar bolsa Pergadan ýollaryny dowam etdirip, Pisidýadaky Antiýoh şäherine geldiler. Sabat güni sinagoga gelip, ol ýerde oturdylar.


Pawlus bilen Barnap hem batyrgaýlyk bilen şeýle diýdiler: «Hudaýyň Hoş Habary ilki size wagyz edilmelidi. Emma siz ony ret etdiňiz! Bu bolsa siziň baky ýaşaýşa mynasyp däldigiňizi subut edýär. Şonuň üçin biz keseki milletlere ýüzlenýäris.


Pawlus bilen Barnap Ikoniýa şäherinde hem adatdakysy ýaly ýahudylaryň sinagogasyna bardylar. Ol ýerde olar şeýle bir täsirli wagyz etdiler welin, köp sanly ýahudylar we keseki milletler iman etdiler.


Mark diýlip atlandyrylýan Ýohannany-da Barnap özleri bilen äkitmek isleýärdi.


Şonuň üçin Pawlus sinagogada ýahudylar we Rebbe sežde edýän köp sanly grekler bilen gürrüňleşdi. Şeýle hem her gün bazarda duş gelen adamlara wagyz etdi.


Pawlus her Sabat güni sinagogada Hoş Habar hakda pikir alşyp, ýahudylary we grekleri ynandyrmaga çalyşýardy.


Ol öz iki kömekçisini: Timoteos bilen Erasdy Makedoniýa ýollady. Özi bolsa birnäçe wagtlap Aziýa welaýatynda galdy.


Şeýdip, bütin şäher galagopluga düşdi. Halk makedoniýaly Gaýus bilen Aristarhy tutup, olary tomaşa meýdanyna süýräp getirdi. Bu ikisi ýolda Pawlusa ýoldaş bolupdylar.


Pawlus üç aýlap sinagoga baryp, ol ýerde halka ynandyryjy deliller bilen Hudaýyň Şalygy barada batyrgaý wagyz etdi.


Ol dessine sinagogalara baryp, Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada wagyz etmäge başlady.


Meniň bilen tussaglykda bolýan ýoldaşym Aristarh bilen Barnabyň ýegeni Mark hem size salam ýollaýar. Mark baradaky buýruklary alansyňyz. Ýanyňyza barsa, ony kabul ediň.


Ýanymda diňe Luka galdy. Gaýdanyňda Marky hem alyp gaýt, sebäbi hyzmatymy bitirmekde maňa kömegi deger.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan