Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 13:3 - Mukaddes Kitap

3 Şeýlelikde, olar agyz bekläp, doga-dileg etdiler we ellerini olaryň üstüne goýup, Barnap bilen Şawuly ýola saldylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Шейлеликде, олар агыз бекләп, дога-дилег этдилер ве эллерини оларың үстүне гоюп, Барнап билен Шавулы ёла салдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 13:3
18 Iomraidhean Croise  

Onsoň ellerini Ýeşuwanyň depesinde goýup, Rebbiň özüne aýdyşy ýaly, ony halkyň ýolbaşçysy belledi.


Onsoň Hudaýa doga-dileg edip: «Ýa Reb! Sen hemmäniň ýüregini bilýärsiň. Ine, şu ikisinden haýsy birini resullyga saýlan bolsaň, bize görkez,


Bular Rebbe ybadat edip, agyz bekleýärkäler, Mukaddes Ruh: «Barnap bilen Şawuly Maňa bagyş ediň, goý, olar Meniň tabşyran işimi berjaý etsinler» diýdi.


Mukaddes Ruh tarapyndan ýollanan Barnap bilen Şawul Selukiýa geldiler. Ol ýerden hem gämili Kipr adasyna gitdiler.


Pawlus bilen Barnap her bir ýygnak üçin ýolbaşçylar bellediler. Soňra doga-dileg edip, agyz bekläp bu ýolbaşçylary özleriniň iman eden Rebbine tabşyrdylar.


Ol ýerden hem olar gämili Antiýoha dolanyp geldiler. Pawlus bilen Barnap bu şäherde özlerini Hudaýyň merhemetine tabşyryp, hut şu ýerden şindi tamamlan işlerini amala aşyrmaga ugrapdylar.


Pawlus bolsa Silasy saýlady, imanlylar olary Rebbiň merhemetine tabşyranlaryndan soňra, olar ýola düşdüler.


Onsoň bu adamlary resullaryň huzuryna getirdiler. Resullar hem ellerini olaryň başyna goýup, olar üçin Hudaýa doga-dileg etdiler.


Şeýlelikde, Hanany baryp, şol öýe girdi, ellerini Şawulyň üstünde goýup: «Şawul dogan! Gözleriň ýene açylyp, Mukaddes Ruhdan dolmagyň üçin, meni bu ýere gelýärkäň, saňa görnen Rebbimiz Isa iberdi» diýdi.


Eger wagyzçylar iberilmese, nädip wagyz edilsin? Wagyzçylar barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Hoş Habary yglan edýäniň gelşi ne gözeldir!».


Pygamberlik sözi arkaly we ýygnak ýolbaşçylarynyň seniň üstüňe el goýmagy bilen özüňe berlen peşgeşi äsgermezlik etme.


Kimdir biriniň günäsine şärik bolmaz ýaly, onuň başyna el goýup, ony hyzmata bellemäge howlukma. Özüňi päk sakla.


Şonuň üçin, ýene-de bir gezek gaýtalaýaryn: başyňa ellerimi goýmagym arkaly Hudaýdan alan ruhy peşgeşiňi parlat,


Köp şaýatlaryň ýanynda menden eşiden sözleriňi beýlekilere-de öwredip biljek ygtybarly adamlara tabşyr.


Olar seniň mähirli söýgiň dogrusynda imanlylar ýygnagynyň öňünde şaýatlyk etdiler. Sen olary Hudaýa mynasyp usulda ýola salsaň, ýagşy iş edersiň.


Biz hakykat ugrunda bile işlär ýaly, şeýle adamlary goldamaga borçludyrys.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan