Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 13:11 - Mukaddes Kitap

11 Indi, seret, Rebbiň eli saňa garşydyr, sen kör bolarsyň, belli bir wagta çenli gün şöhlesini görmersiň» diýdi. Şol pursadyň özünde onuň gözüni duman örtüp, garaňkylyk gaplady. Ol özüni itdirjek bolup, töweregini sermeläp, adam gözläp başlady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Инди, серет, Реббиң эли саңа гаршыдыр, сен көр боларсың, белли бир вагта ченли гүн шөхлесини гөрмерсиң» дийди. Шол пурсадың өзүнде онуң гөзүни думан өртүп, гараңкылык гаплады. Ол өзүни итдирҗек болуп, төверегини сермеләп, адам гөзләп башлады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 13:11
18 Iomraidhean Croise  

Olar gapynyň agzynda duranlaryň uludan-kiçä ählisiniň gapyny tapyp bilmezleri ýaly gözlerini kör etdiler.


Siriýa patyşasy Ysraýylyň garşysyna uruşýarka öz nökerleri bilen geňeşip, olara düşelgesiniň nirede boljakdygyny aýtdy.


Maňa rehim ediň, eý, dostlarym, rehim ediň, maňa! Çünki Hudaý maňa el urdy.


Çünki Rebbiň sözi dogry, wepalydyr Onuň ähli işleri.


Diýdim: «Dilimden günä galmazlyk üçin, ýörejek ýolumy saýgarjakdyryn; erbetler meniň garşymda durka agzymy jylawlap saklajakdyryn».


onda Reb meýdandaky mal-garalaryňyzy: atlaryňyzy, eşekleriňizi, düýeleriňizi we dowarlardyr sürüleriňizi gyrgyna berer.


Reb sizi agyr uka batyrdy, pygamberler gözleriňizi ýumdurdy, görgürler başlaryňyzy örtdi.


Isa oňa: «Men bu dünýä görmeýänler görsün, görýänler kör bolsun diýip, höküm çykarmaga geldim» diýdi.


Şeýlelikde, Hanany baryp, şol öýe girdi, ellerini Şawulyň üstünde goýup: «Şawul dogan! Gözleriň ýene açylyp, Mukaddes Ruhdan dolmagyň üçin, meni bu ýere gelýärkäň, saňa görnen Rebbimiz Isa iberdi» diýdi.


Eý, doganlar, siz tekepbirlige ýüz urmaz ýaly, şu syrdan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Hudaý başga milletlerden saýlanlarynyň baryny halas edýänçä, käbir ysraýyllaryň ýüregi ýumşamaz.


Hawa, diri Hudaýyň eline düşmek elhençdir!


Bu adamlar bolsa gurap galan çeşmedir, güýçli ýeliň kowýan ümrüdir; dowzahda garaňky tümlük şolar üçin saklanýandyr.


Şol sebäpden, olar çaparlar gönderip, ähli piliştli hanlary ýygnadylar we: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny bu ýerden çykaryp, öz ýerine ibereliň, goý, ol bizi hem, halkymyzy hem heläk etmesin» diýdiler. Sebäbi tutuş galany aýylganç howsala gaplap alypdy. Reb olary juda agyr jezalandyrdy.


Emma olar ony bu ýere getirenlerinden soň, Reb bu gala hem göz görkezdi, galany aýylganç howsala gaplap aldy. Galanyň ilatynyň uludan-kiçä ählisiniň endamyna çykuw çykaryp, Reb olary ýowuzlyk bilen jezalandyrdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan