Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 13:1 - Mukaddes Kitap

1 Antiýohdaky imanlylar ýygnagynda pygamberler we mugallymlar bardy. Olar Barnap, Garaýagyz lakamly Şimgon, kirineýli Lukiý, hökümdar Hirod bilen bile ösen Manahen we Şawul dagydy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Антиёхдакы иманлылар йыгнагында пыгамберлер ве мугаллымлар барды. Олар Барнап, Гараягыз лакамлы Шимгон, киринейли Лукий, хөкүмдар Хирод билен биле өсен Манахен ве Шавул дагыды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 13:1
34 Iomraidhean Croise  

Ýolda barýarkalar, kirineýli Simun atly bir adama sataşdylar. Olar bu adama Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler.


Rim imperatory Tibereýiň hökümdarlygynyň on bäşinji ýylynda, Pontiý Pilat Ýahudyýanyň häkimi döwründe Hirod – Jeliläni, onuň dogany Filip – Itureýa bilen Trahonitis welaýatyny, Lisaniýas-da Abilini dolandyrýardy.


Olar şeýle hem etdiler, puly Barnap we Şawul arkaly ýygnak ýolbaşçylaryna iberdiler.


Barnap bilen Şawul hem özlerine tabşyrylan hyzmaty ýerine ýetirip, Iýerusalimden yzyna dolandylar. Olar özleri bilen bile Marky hem alyp gaýtdylar. Markyň beýleki ady Ýohannady.


Şonda Mukaddes Ruhdan dolan Şawul, ýagny Pawlus jadygöýüň gözlerine seredip:


Ýudas bilen Silas pygamberdiler. Olar doganlara köp öwüt-nesihat edip, olaryň imanyny berkitdiler.


Pawlus we Barnap hem Antiýohda galdylar. Olar başgalar bilen birlikde halka sapak öwredip, Reb Isa hakyndaky Hoş Habary wagyz etdiler.


Pawlus olaryň üstlerine elini goýan badyna, olara Mukaddes Ruh indi. Olar nämälim dillerde gepläp, pygamberlik etmäge başladylar.


Filipiň durmuşa çykmadyk dört gyzy bardy we olar pygamberlik edýärdiler.


Imanlylaryň arasynda lewilerden bolan Ýusup atly bir adam bardy. Onuň asly Kiprdendi. Resullar oňa Barnap, ýagny «Ruhlandyryjy» diýip at goýupdylar.


Şawul Rebbiň şägirtlerine henizem ölüm howpuny salýardy. Bir gün ol baş ruhanynyň ýanyna gidip,


Işdeşim Timoteos, tiredeşim Lukiý, Ýason we Sosipater dagy size salam ýollaýarlar.


Başyny örtüp, doga-dileg ýa-da pygamberlik edýän erkek kişi öz başyny biabraý edýändir.


Eger pygamberlik peşgeşim bolup-da, ähli syrlary we ylymlary bilip-de, daglary süýşürjek güýçli imanym bolup-da, söýgim bolmasa, men hiçdirin.


Pygamberlikler tamamlanar, diller ýiter, bilim gutarar, söýgi bolsa asla tükenmez.


Pygamberleriň bolsa ikisi ýa-da üçüsi gürlesin. Beýlekiler bolsa olaryň aýdanlaryny saldarlap görsünler.


Pygamberlik sözlerini alan adam olary haçan aýtmalydygyny özi kesgitlemelidir.


Ýa-da men bilen Barnabyň imanlylardan maddy kömegini almaga hakymyz ýokmy?


Onuň bilen birlikde beýleki ýahudylar hem ikiýüzlülige ýüz urdular, hatda Barnap hem olaryň ikiýüzlüliginden ýaňa dogry ýoldan azaşdy.


maňa merhemet berlendigine göz ýetirdiler. Onsoň ýygnagyň diregleri hasaplanýan Ýakup, Petruswe Ýohanna dagy maňa we Barnaba doganlygyň nyşany hökmünde ellerini uzatdylar. Men Barnap bilen ýahudy dälleriň arasyna, olar hem ýahudylaryň arasyna gitmeli diýip, özara ylalaşdyk.


Ine, Mesihiň Özi käbirlerini resul, käbirlerini pygamber, başga birilerini Hoş Habarçy, öwrediji, beýleki birlerini ýygnagyň çopanlary edip belledi.


Hudaýyň halkynyň ählisi, ylaýta-da imperatora hyzmat edýänler size salam aýdýarlar.


Pygamberlik sözlerine äsgermezçilik etmäň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan