Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 12:9 - Mukaddes Kitap

9 Petrus onuň yzyna düşüp, zyndandan daşary çykdy. Emma ol perişde arkaly bu bolýan zatlaryň hakykatdygyny bilmän, gözüne görünýändir öýdýärdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Петрус онуң ызына дүшүп, зындандан дашары чыкды. Эмма ол перишде аркалы бу болян затларың хакыкатдыгыны билмән, гөзүне гөрүнйәндир өйдйәрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 12:9
12 Iomraidhean Croise  

Olar kakalaryna: «Ýusup diri, ol tutuş Müsüriň hökümdary» diýip habar berdiler. Ýakup doňup galdy, çünki ol eşidýän zatlaryna ynanyp bilmedi.


Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi.


Eger öýi Reb bina etmese, ony bina edýänleriň azaby puçdur. Eger şäheri Reb goramasa, garawulyň oýa durmagy puçdur.


Ejesi hyzmatkärlere: «Ol size näme diýse, şony hem ediň» diýdi.


Petrus bu görnüşiň nämedigine geň galyp durka, ine, Korneliniň ýollan adamlary Simunyň öýüni sorap, gapa geldiler.


Bir gün öýlän sagat üçlerde Kornelä bir görnüş aýan bolup, öz ýanyna Hudaýyň bir perişdesiniň gelenini aýdyň gördi. Perişde: «Eý, Korneliý!» diýip seslendi.


«Ýafo şäherinde Hudaýa doga edip otyrkam, maňa bir görnüş aýan boldy. Men ýanyma uly saçaga meňzeş bir zadyň dört burçundan asylyp, gökden ýere inenini gördüm.


Perişde oňa: «Guşagyňy guşan-da, çaryklaryňy geý!» diýdi. Ol şeýle hem etdi. Perişde ýene-de: «Donuňy geý-de, meniň yzyma düş!» diýdi.


Şonuň üçin hem, eý, Agrip şa, men gökden gelen görnüşe boýnuýogynlyk etmedim.


Damaskda Isanyň Hanany atly bir şägirdi bardy. Reb Isa oňa görnüp: «Eý, Hanany!» diýdi. Ol hem: «Lepbeý, Rebbim!» diýip jogap berdi.


Mülk edip beren ýurduna ibermek üçin Hudaý Ybraýymy çagyranda, ol iman arkaly Oňa tabyn boldy, nirä barýandygyny bilmezden ýola düşdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan