Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 12:7 - Mukaddes Kitap

7 Birdenkä Rebbiň perişdesi peýda bolup, zyndanyň içinde nur parlady. Perişde Petrusyň böwrüne dürtüp, ony oýardy-da: «Tiz bol, tur!» diýdi. Şobada Petrusyň zynjyrlary üzülip, elinden ýere gaçdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Бирденкә Реббиң перишдеси пейда болуп, зынданың ичинде нур парлады. Перишде Петрусың бөврүне дүртүп, оны оярды-да: «Тиз бол, тур!» дийди. Шобада Петрусың зынҗырлары үзүлип, элинден ере гачды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 12:7
37 Iomraidhean Croise  

Ýa Reb, meniň çyram Sensiň, Reb ýagtyldýar meň tümlügimi.


Soňra ol gyrymsy sübse agajynyň aşagynda ýatdy-da, uka gitdi. Ine, birdenkä bir perişde Ylýasy yrap: «Tur-da, iýip-iç» diýdi.


Rebbiň perişdesi ikinji gezek gelip, ony yrap: «Tur-da, iýip-iç, ýogsam bu syýahat gaty uzak we kyn bolar» diýdi.


Hudaý arkaly ýeňiş gazanarys, duşmanlarymyzy depelejek Oldur.


Rebbe şükür nagmalaryny aýdyň, Hudaýymyza lirada mukamlar çalyň!


Çünki sebäpsiz ýere meniň üçin duzak gurdular; sebäpsiz ýere meniň üçin çukur gazdylar.


Eý, Hudaý, Saňa mälimdir meň akmaklygym, Senden gizlin däldir meň günälerim.


Işaýa Hizkiýa şeýle diýdi: «Seniň üçin alamat şudur: „Şu ýyl we geljek ýyl siz özi biten zady iýersiňiz, üçünji ýyl bolsa özüňiz ekip, hasylyny orup alyň we üzüm baglaryny oturdyň-da, şolaryň miwelerini iýiň.


Tur, parla, nuruň geldi, üstüňde Rebbiň şöhraty dogdy.


Babyla sürgün edilen ähli Iýerusalim we Ýahuda ýesirleri bilen birlikde Ýermeýa hem zynjyr bilen baglanyp, Rama äkidildi. Ol ýerde janpenalaryň baştutany Nebuzaradon Ýermeýany tanap, ony boşatdy. Soňra Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy.


Ine, gündogar tarapdan Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty geldi. Onuň sesi güýçli akýan suwlaryň şaggyldysy ýalydy. Onuň şöhratyndan ýer nur saçýardy.


Nebukadnesar şeýle diýdi: «Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna alkyş bolsun! Perişdesini iberip, Özüne bil baglan gullaryny halas etdi. Olar patyşanyň buýrugyna boýun bolmadylar. Özleriniň Hudaýyndan başga hudaýa gulluk ýa sežde etmezlik üçin, janlaryny howp astyna saldylar.


Meniň Hudaýym perişdesini iberip, ýolbarslaryň agzyny baglady. Olar maňa zeper ýetirmediler, çünki Hudaýyň huzurynda men bigünä saýyldym. Seniň öňüňde hem, eý, şahym, men hiç bir şer iş eden däldirin».


Meniň tarapymy çalyp, höküm edip, tä alyp berýänçä hakym, çekmelidirin Onuň gahar-gazabyn. Çünki men Rebbe garşy günä etdim. Ol meni ýagtylyga çykarar, men Onuň hakykatyny görerin.


Uçuşýan oklaryň ýagtysyndan, parlaýan naýzalaryň ýalpyldysyndan, Gün bilen Aý ýerlerinde durdy.


Onuň ýagtysy Gün kimindir, elleri nur saçýandyr, gudratynyň syry elindedir.


Müneçjimler gidenden soň, Rebbiň bir perişdesi Ýusubyň düýşüne girip: «Tur! Çaga bilen ejesini al-da, Müsüre gaç. Özüm habar berýänçäm, şol ýerde gal, sebäbi Hirod çagany öldürmek üçin Onuň gözlegine çykmakçy bolýar» diýdi.


Birdenkä olaryň öňünde Rebbiň bir perişdesi peýda boldy we Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular.


Muňa haýran bolup durkalar, garşylarynda lowurdaýan lybasda iki sany adam birdenkä peýda boldy.


Korneliý şeýle jogap berdi: «Üç gün mundan ozal şu wagtlar agzym beklidi. Öýlän sagat üçlerde öýümde Hudaýa doga-dileg edýärdim. Ine, birdenkä garşymda lowurdaýan eşikde bir adam peýda boldy. Ol maňa:


Şobada Rebbiň bir perişdesi Hirodesi jezalandyrdy, sebäbi ol Hudaýy şöhratlandyrmandy. Şeýdip, onuň endam-jany gurtlap öldi.


Hirodyň ony orta çykarjak gününiň öň ýanyndaky gije Petrus iki esgeriň arasynda goşa zynjyr bilen bagly ýatyrdy. Garawullar-da zyndanyň girelgesinde gapynyň agzynda sakçylyk edýärdiler.


Perişde oňa: «Guşagyňy guşan-da, çaryklaryňy geý!» diýdi. Ol şeýle hem etdi. Perişde ýene-de: «Donuňy geý-de, meniň yzyma düş!» diýdi.


Birdenkä güýçli ýertitreme boldy, zyndanyň binýady sarsyp, ähli gapylar birbada açyldy, hemmeleriň zynjyry üzüldi.


Emma Hudaý Ony direldip, ölüm jebrinden halas etdi. Onuň ölüm penjesinde galmagy mümkin däldi.


Emma gije Rebbiň bir perişdesi zyndanyň gapylaryny açdy-da, olary daşary çykaryp:


Ol Damaska ýetip barýarka, birdenkä asmandan bir parlak nur onuň daş-töweregini ýagtyltdy.


Çünki nur ähli zady äşgär edýändir. Şonuň üçin şeýle diýilýär: «Oýan, eý, uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa nur saçar».


Şeýlelikde, ähli perişdeler diňe halas boljaklara hyzmat etmek üçin iberilýär.


Mundan soň men gökden inip gelýän başga bir perişdäni gördüm. Onuň uly ygtyýary bolup, şöhraty bütin dünýä nur saçdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan