Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 12:6 - Mukaddes Kitap

6 Hirodyň ony orta çykarjak gününiň öň ýanyndaky gije Petrus iki esgeriň arasynda goşa zynjyr bilen bagly ýatyrdy. Garawullar-da zyndanyň girelgesinde gapynyň agzynda sakçylyk edýärdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Хиродың оны орта чыкарҗак гүнүниң өң янындакы гиҗе Петрус ики эсгериң арасында гоша зынҗыр билен баглы ятырды. Гаравуллар-да зынданың гирелгесинде гапының агзында сакчылык эдйәрдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 12:6
17 Iomraidhean Croise  

Ybraýym bu ýere «Ýahwe ýire» diýip at goýdy. (Häzirki aýdylýan «Rebbiň dagynda üpjün edilýär» diýen söz hem şondan galandyr.)


Hasyl, täze şerap bol bolanda bagtdyr, ýöne ýüregime beren şatlygyň mundan-da köpdür.


Babyla sürgün edilen ähli Iýerusalim we Ýahuda ýesirleri bilen birlikde Ýermeýa hem zynjyr bilen baglanyp, Rama äkidildi. Ol ýerde janpenalaryň baştutany Nebuzaradon Ýermeýany tanap, ony boşatdy. Soňra Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy.


Indi men seni elleriňi zynjyrdan boşadaýyn. Eger meniň bilen Babyla gitmek isleseň, ýör, gideli, men saňa göz-gulak bolaryn. Emma meniň bilen Babyla gitmek islemeseň, onda gal. Ine, öňüňde tutuş ýurt ýatyr! Nirä gitmek gözüňe hoş ýaksa we dogry bolsa, şoňa git».


Sakçylar gorkularyndan ýaňa sandyraşyp, öli kimin ýere ýazyldylar.


Şeýlelikde, Petrus zyndanda saklanýardy, emma ýygnak onuň üçin Hudaýa yhlas bilen doga edýärdi.


Şol wagt müňbaşy golaý gelip, Pawlusy tussag etdi we goşa zynjyrlar bilen baglamagy buýurdy. Soňra ol: «Bu adam kim? Ol näme etdi?» diýip sorady.


Şu sebäpden men siziň bilen görşüp, söhbet etmek üçin, sizi bu ýere çagyrdym. Aslynda men Ysraýylyň umydy bolan Mesih ugrunda zynjyrlandym».


«Zyndan mäkäm gulply eken, garawullar hem gapylaryň agzynda duran ekenler, emma gapyny açanymyzda, içerde hiç kimi tapmadyk» diýip habar berdiler.


Sebäbi men Hoş Habaryň zynjyrlar bilen baglanan ilçisidirin. Muny gorkman, bolmalysy ýaly yglan edip bilmegim üçin dileg ediň.


Ynsanlar arasyndan olary dagatmakdy, olar hakdaky ýatlamany öçürip taşlamakdy pikirim.


Goý, Rebbimiz Onisiforyň öý-içersine rehimdarlyk etsin. Sebäbi ol ençeme gezek maňa göwünlik berip, meniň tussaglygymdan utanmady.


Şoňa görä-de, biz ynam bilen şeýle diýýäris: «Reb – tarapdarym, men gorkmaýaryn, ynsan maňa näme edip bilsin?».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan