Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 12:4 - Mukaddes Kitap

4 Hirod Petrusy tutup, zyndana salandan soň, her biri dört esgerden ybarat bolan dört topary oňa garawul goýdy. Ony baýramdan soňra halkyň öňüne çykaryp, höküm etmek niýeti bardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Хирод Петрусы тутуп, зындана саландан соң, хер бири дөрт эсгерден ыбарат болан дөрт топары оңа гаравул гойды. Оны байрамдан соңра халкың өңүне чыкарып, хөкүм этмек ниети барды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 12:4
22 Iomraidhean Croise  

On ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne ýahudylaryň uludan kiçä baryny: aýallary we çagalary bir günde gyryp, bütinleý ýok edip, ähli mal-mülklerini basyp almaklyk barada ähli welaýatlara çaparlardan elin hatlar iberildi.


Reb Müsürde Musa bilen Haruna şeýle diýdi:


Adamyň ýüreginde niýet köpdür, emma Rebbiň maksady amala aşýar.


Ertirki günüň barada öwünme, çünki sen günüň näme getirjegini bilýän dälsiň.


Bulary Taňrynyň Özi buýurmasa, kim buýruk berip ýerine ýetirderdi?


Soňra sizi yzarlanmalara sezewar ederler, öldürerler, Men sebäpli ähli milletler sizi ýigrenerler.


Olar: «Baýram günlerinde tutmalyň, halk galmagal turzaýmasyn» diýişdiler.


Pesah we Petir baýramyna iki gün galypdy. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary Isany hile bilen tutup, öldürmegiň ýoluny agtarýardylar.


Emma bu hadysalaryň hemmesinden öň, sizi yzarlap, azar bererler. Sizi sinagogalara tabşyryp, türmelere dykarlar. Men sebäpli sizi patyşalaryň we hökümdarlaryň huzuryna elterler.


Petrus: «Agam! Men Seniň bilen zyndana-da, hatda ölüme-de gitmäge taýýar» diýdi.


Isany haça çüýlän esgerler Onuň egin-eşigini aldylar. Onuň geýimlerini dört bölege bölüp, her esgere bir paý berdiler. Içki köýnegini hem aldylar. Içki köýnek tikilgi däl-de, boýdan-başa tutuş dokalgydy.


Men saňa dogrusyny aýdýaryn, ýaşkaň özüň biliňi guşap, islän ýeriňe gidýärdiň. Garranyňda welin, elleriňi uzadyp durarsyň, seni başga biri guşandyryp, islemeýän ýeriňe alyp gider» diýdi.


Ol munuň ýahudylaryň göwnünden turandygyny görüp, soňra Petrusy-da tussag etdi. Bu waka Petir baýramy günlerinde bolup geçdi.


Şeýlelikde, Petrus zyndanda saklanýardy, emma ýygnak onuň üçin Hudaýa yhlas bilen doga edýärdi.


Olar Seniň gudratyň we yradaň bilen owaldan karara gelen her bir işiňi hakykata öwürmek üçin ýygnandylar.


Olar Petrus bilen Ýohannany tutdular we agşam düşendigi sebäpli, olary ertire çenli zyndanda sakladylar.


Olar resullary tutup, şäher zyndanyna saldylar.


Şawul bolsa ýygnagy dargatmaga başlady. Ol öýme-öý aýlanyp, aýal-erkek diýmän, imanlylary süýräp, zyndana dykýardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan