Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 12:3 - Mukaddes Kitap

3 Ol munuň ýahudylaryň göwnünden turandygyny görüp, soňra Petrusy-da tussag etdi. Bu waka Petir baýramy günlerinde bolup geçdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Ол мунуң яхудыларың гөвнүнден турандыгыны гөрүп, соңра Петрусы-да туссаг этди. Бу вака Петир байрамы гүнлеринде болуп гечди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 12:3
18 Iomraidhean Croise  

Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy? Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela


Petir baýramyny belläň. Meniň buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, çünki siz Müsürden şol aýda çykdyňyz. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin.


Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Seniň üçin Pesah naharyny nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar.


Sebäbi olar ynsanlaryň öwgüsini Hudaýyň öwgüsinden gowy gördüler.


Isa oňa: «Eger saňa ýokardan berilmedik bolsady, Meniň üstümden hiç hili ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin hem, Meni tutup, seniň eliňe bereniň günäsi has-da agyrdyr» diýip jogap berdi.


Men saňa dogrusyny aýdýaryn, ýaşkaň özüň biliňi guşap, islän ýeriňe gidýärdiň. Garranyňda welin, elleriňi uzadyp durarsyň, seni başga biri guşandyryp, islemeýän ýeriňe alyp gider» diýdi.


Hirod Petrusy tutup, zyndana salandan soň, her biri dört esgerden ybarat bolan dört topary oňa garawul goýdy. Ony baýramdan soňra halkyň öňüne çykaryp, höküm etmek niýeti bardy.


Şonda Petrus Onbirler bilen bile ýerinden turup, batly ses bilen şeýle diýdi: «Eý, ýahudy doganlar we Iýerusalim ilaty! Munuň manysyny size düşündireýin, meniň sözlerime gulak asyň.


Biz hem Petir baýramyndan soňra Filipiden gämi bilen ýola düşdük. Bäş günde olaryň ýanyna – Troasa gelip ýetdik. Ol ýerde ýedi gün bolduk.


Aradan iki ýyl geçenden soň, Feliksiň ýerine Porkiý Festus häkim boldy. Feliks ýahudylaryň göwnüni awlamak üçin, Pawlusy tussaglykda goýup gitdi.


Festus ýahudylaryň göwnünden turmak üçin, Pawlusdan: «Iýerusalime gidip, şol ýerde bu babatda özüňe kazylyk edilmegini isleýärsiňmi?» diýip sorady.


Mejlis agzalary Petrus bilen Ýohannanyň batyrgaýlygyny görenlerinde we olaryň okuw okamadyk bir ýönekeý adamlardygyny bilenlerinde haýran galdylar, olaryň Isanyň şägirtleridigine göz ýetirdiler.


Şunlukda, men kimiň göwnünden turmakçy bolýaryn: adamlaryňmy ýa-da Hudaýyň? Eýsem men adamlara ýaranjak bolýarynmy? Eger men adamlara ýaranmakçy bolsadym, onda Mesihiň hyzmatçysy bolmazdym.


Hudaý bizi mynasyp saýyp, Hoş Habary ýaýratmagy bize ynandy. Şonuň üçin-de, biz adamlaryň däl, eýsem ýürekleri synaýan Hudaýyň göwnünden turjak bolup gürleýäris.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan