Ylýas Oňa şeýle jogap berdi: «Men Hökmürowan Hudaý Rebbe gaty wepaly boldum. Ysraýyllar Seniň ähtiňi unudyp, Seniň gurbanlyk sypalaryňy ýykyp, Seniň pygamberleriňi öldürdiler. Meniň diňe ýeke özüm galdym. Olar şu wagt meniň janyma kast etmek üçin meni yzarlap ýörler».
Isa olara: «Siz Meniň içjek käsämden içersiňiz, emma size sagymda ýa çepimde oturmaga rugsat bermek Meniň elimde däl. Bu orunlary Atam kimler üçin taýýarlan bolsa, şolar üçindir» diýdi.
Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna Isanyň ýanyna baryp, Oňa: «Mugallym! Biziň Senden bir dilejek zadymyz bar, şony ýerine ýetirmegiňi isleýäris» diýdiler.
Emma Isa olara: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Meniň içjek hasrat käsämden siz içip bilersiňizmi? Meniň hasratyma çümdürilip bilersiňizmi?» diýdi.