Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 12:12 - Mukaddes Kitap

12 Petrus muňa akyl ýetirenden soň, Ýohannanyň ejesi Merýemiň öýüne gitdi. Ýohanna Mark hem diýýärdiler. Ol ýerde köp adam üýşüp, Hudaýa doga edýärdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Петрус муңа акыл етиренден соң, Ёханнаның эҗеси Меръемиң өйүне гитди. Ёханна Марк хем диййәрдилер. Ол ерде көп адам үйшүп, Худая дога эдйәрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 12:12
14 Iomraidhean Croise  

Olar çagyrmanka, Men jogap bererin, gepläp durkalar, Men eşiderin.


Barnap bilen Şawul hem özlerine tabşyrylan hyzmaty ýerine ýetirip, Iýerusalimden yzyna dolandylar. Olar özleri bilen bile Marky hem alyp gaýtdylar. Markyň beýleki ady Ýohannady.


Şeýlelikde, Petrus zyndanda saklanýardy, emma ýygnak onuň üçin Hudaýa yhlas bilen doga edýärdi.


Pawlus we onuň ýoldaşlary Pafosdan gämä münüp, Pamfiliýadaky Perga şäherine geldiler. Şol ýerde Ýohanna olardan aýrylyp, Iýerusalime dolandy.


Onsoň Salamise gelip, ýahudylaryň sinagogalarynda Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etdiler. Ýohanna hem olaryň ýanynda bolup, kömek berýärdi.


Pawlus bilen Silas zyndandan çykyp, Lidiýanyň öýüne bardylar. Olar bu ýerde imanlylar bilen duşuşyp, olary ruhlandyrdylar, soňra ol ýerden gitdiler.


Petrus bilen Ýohanna boşanlaryndan soň, dostlarynyň ýanyna gaýdyp bardylar we ýolbaşçy ruhanylaryň, ýaşulularyň özlerine aýdanlarynyň baryny olara habar berdiler.


Meniň bilen tussaglykda bolýan ýoldaşym Aristarh bilen Barnabyň ýegeni Mark hem size salam ýollaýar. Mark baradaky buýruklary alansyňyz. Ýanyňyza barsa, ony kabul ediň.


Ýanymda diňe Luka galdy. Gaýdanyňda Marky hem alyp gaýt, sebäbi hyzmatymy bitirmekde maňa kömegi deger.


Siziň ýaly saýlanyp-seçilen Babyldaky ýygnak we doganymyz Mark size salam aýdýar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan