Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 12:11 - Mukaddes Kitap

11 Şol wagt Petrus özüne gelip: «Indi, hakykatdanam, Rebbiň Öz perişdesini ýollap, meni Hirodyň elinden we ýahudy halkynyň başymdan inderjek bela-beterlerinden halas edendigine anyk göz ýetirdim» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Шол вагт Петрус өзүне гелип: «Инди, хакыкатданам, Реббиң Өз перишдесини ёллап, мени Хиродың элинден ве яхуды халкының башымдан индерҗек бела-бетерлеринден халас эдендигине анык гөз етирдим» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 12:11
27 Iomraidhean Croise  

Reb Ybrama şeýle diýdi: «Sen şuny bilip goýgun: seniň nesliň ýat toprakda gelmişek hem gul bolup ýaşar we şol ýeriň halky olary dört ýüz ýyllap ezer.


Şonda Reb Ybraýymdan: «Näme üçin Sara „Şu ýaşdan soň men, heý, çaga dogrup bilerinmi?!“ diýip güldi?» diýip sorady.


Abymelek Yshagy öz ýanyna çagyryp, oňa: «Bu seniň aýalyň ahyryn! Sen näme üçin oňa „aýal doganym“ diýdiň?» diýip sorady. Yshak Abymelege: «Ol meniň aýalym diýsem, men öldürilerin öýtdüm» diýip jogap berdi.


Rebbiň Dawudy ähli duşmanlaryndan hem-de Şawuldan halas eden güni, ol Rebbiň şanyna şu aýdymy aýtdy:


Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär. Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň».


Çadyrymdakylar: „Eýýubyň beren etinden garnyny doýurmaýan barmy?“ diýen bolsalar,


Ol seni alty betbagtçylykdan gutarar, ýedinjiden-de saňa zyýan ýetmez.


Reb eşidýär dogrular perýat edende, Ol olary ähli muşakgatlaryndan halas eýleýär.


Reb kalby synyklara ýakyndyr; ruhdan düşenleri halas edýändir.


Ýa Reb, Özüň gördüň, dymma! Ýa Taňry, menden uzakda bolma.


Çünki sebäpsiz ýere meniň üçin duzak gurdular; sebäpsiz ýere meniň üçin çukur gazdylar.


Keýigiň akar suwlary küýseýşi kimin, eý, Hudaý, janym Seni küýseýär!


Patyşa: «Emma men oduň içinde gezip ýören, el-aýagy çözülen dört adamy görýärin. Olara hiç hili zeper ýetmändir we olaryň dördünjisiniň keşbi hudaýlaryň biriniňkä meňzeýär» diýdi.


Nebukadnesar şeýle diýdi: «Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna alkyş bolsun! Perişdesini iberip, Özüne bil baglan gullaryny halas etdi. Olar patyşanyň buýrugyna boýun bolmadylar. Özleriniň Hudaýyndan başga hudaýa gulluk ýa sežde etmezlik üçin, janlaryny howp astyna saldylar.


Meniň Hudaýym perişdesini iberip, ýolbarslaryň agzyny baglady. Olar maňa zeper ýetirmediler, çünki Hudaýyň huzurynda men bigünä saýyldym. Seniň öňüňde hem, eý, şahym, men hiç bir şer iş eden däldirin».


Ol ahyrsoňy akylyna aýlanyp, özüne şeýle diýýär: „Kakamyň ençeme günlükçileri bar, olaryň hemmesiniň hem doýýança iýmäge çörekleri bar. Men bolsa bu ýerde açlykdan öljek bolup ýörün!


Birdenkä Rebbiň perişdesi peýda bolup, zyndanyň içinde nur parlady. Perişde Petrusyň böwrüne dürtüp, ony oýardy-da: «Tiz bol, tur!» diýdi. Şobada Petrusyň zynjyrlary üzülip, elinden ýere gaçdy.


Aradan iki ýyl geçenden soň, Feliksiň ýerine Porkiý Festus häkim boldy. Feliks ýahudylaryň göwnüni awlamak üçin, Pawlusy tussaglykda goýup gitdi.


Festus ýahudylaryň göwnünden turmak üçin, Pawlusdan: «Iýerusalime gidip, şol ýerde bu babatda özüňe kazylyk edilmegini isleýärsiňmi?» diýip sorady.


Emma gije Rebbiň bir perişdesi zyndanyň gapylaryny açdy-da, olary daşary çykaryp:


Şeýlelikde, ähli perişdeler diňe halas boljaklara hyzmat etmek üçin iberilýär.


Görşüňiz ýaly, Reb hudaýhon adamlary synagdan nähili halas etmelidigini, ýamanlyk edýänleri bolsa höküm gününe çenli jeza astynda nähili saklamalydygyny bilýändir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan