Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 12:10 - Mukaddes Kitap

10 Olar birinji, ikinji garawullardan geçip, şähere çykýan demir derwezä ýetenlerinde, ol öz-özünden açyldy. Olar daşary çykyp, bir köçäniň boýy bilen ýörediler. Birdenkä perişde Petrusyň ýanyndan gaýyp boldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Олар биринҗи, икинҗи гаравуллардан гечип, шәхере чыкян демир дервезә етенлеринде, ол өз-өзүнден ачылды. Олар дашары чыкып, бир көчәниң бойы билен йөредилер. Бирденкә перишде Петрусың янындан гайып болды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 12:10
11 Iomraidhean Croise  

Ol bulary janpenalaryň baştutanynyň öýündäki zyndanda, Ýusubyň saklanýan zyndanyna saldy.


Şeýdip, Ýusup olary üç günläp zyndanda tussaglykda saklady.


Gözegçi gygyrdy: «Ýa Reb, gözegçilik diňidir gündizlerine ornum, nobatçylyk çekýän bütin gijeläp.


Oňa näme edilmelidigi entek belli bolmansoň, olar ony tussag astyna aldylar.


Hepdäniň şol ilkinji güni agşamara Isanyň şägirtleri üýşüp, ýahudylardan gorkularyna gapylary gulplap otyrdylar. Birdenkä Isa olaryň arasynda peýda bolup: «Size rahatlyk bolsun!» diýdi.


Sekiz günden soň, şägirtler ýene öýde üýşüp otyrdylar. Bu gezek Tomas hem olaryň arasyndady. Gapylar gulply bolsa-da, Isa öýe girip, olaryň arasynda durdy. Ol: «Size rahatlyk bolsun!» diýdi.


Hirod Petrusy tutup, zyndana salandan soň, her biri dört esgerden ybarat bolan dört topary oňa garawul goýdy. Ony baýramdan soňra halkyň öňüne çykaryp, höküm etmek niýeti bardy.


Birdenkä güýçli ýertitreme boldy, zyndanyň binýady sarsyp, ähli gapylar birbada açyldy, hemmeleriň zynjyry üzüldi.


Emma gije Rebbiň bir perişdesi zyndanyň gapylaryny açdy-da, olary daşary çykaryp:


«Filadelfiýadaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Bu habar mukaddes we hakyky Bolandandyr. Ol Dawut açarynyň Eýesidir. Onuň açan gapysyny hiç kim ýapyp bilmez. Onuň ýapan gapysyny hiç kim açyp bilmez. Ine, Ol şeýle diýýär:


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan