Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 11:21 - Mukaddes Kitap

21 Olarda Rebbiň gudraty bardy, şonuň üçin köp adamlar imana gelip, Rebbi kabul etdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 Оларда Реббиң гудраты барды, шонуң үчин көп адамлар имана гелип, Ребби кабул этдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 11:21
19 Iomraidhean Croise  

Rebbiň sözüne görä patyşanyň we baştutanlaryň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde, olara agzybirlik beren Hudaýyň eli Ýahudanyň üstündedi.


Ezra birinji aýyň birinji güni Babyldan çykyp gaýdypdy. Hudaýynyň ýalkamagy bilen ol bäşinji aýyň birinji güni Iýerusalime geldi.


Hudaýymyzyň ýalkamagy bilen olar biziň ýanymyza Ysraýylyň çowlugy, Lewiniň agtygy Mahlynyň neslinden bolan Şerebýa atly dana adamy we onuň ogullarydyr garyndaşlaryny – jemi on sekiz adamy getirdiler.


Men olara Hudaýymyň maňa nähili kömek edendigini we patyşanyň maňa aýdan zatlaryny gürrüň berdim. Onsoň olar: «Geliň, işe başlalyň!» diýşip, bu oňat iş üçin billerini berk guşadylar.


Şeýle hem patyşa tokaýynyň sakçysy Asafa, ybadathana galasynyň derwezeleri üçin, şäheriň diwarlary we meniň ýaşajak öýümiň pürsleri üçin agaç berer ýaly hat bersin» diýdim. Hudaýymyň ýalkamagy bilen patyşa meniň dilegimi bitirdi.


Biziň habarymyza kim ynandy? Rebbiň güýç-gudraty kime aýan boldy?


Rebbiň eli gysga däldir halas etmez ýaly, eşitmez ýaly gulagy-da agyr däldir.


Muny eşidenleriň bary bu zatlar hakda oý-pikire batyp: «Bu çaga kim bolarka?» diýişýärdi. Çünki Rebbiň güýji onuň bilendi.


Onuň Mukaddes Ruhdan we imandan doly bir ýagşyzada adamdygy üçin, juda köp adam Rebbe iman etdi.


Şonuň hem Hudaýy kabul edýän keseki milletlere kynçylyk döretmeli däl diýen karara geldim.


Hudaýa alkyş okap, bütin il içinde hormatlanylýardylar. Hudaý hem halas bolanlaryň sanyny günsaýyn köpeldýärdi.


Emma bu gürrüňleri diňlänleriň ençemesi Isa iman etdi. Şonda iman eden erkekleriň sany bäş müňe ýetdi.


Muňa garamazdan, Reb Isa iman edenlere goşulan erkekdir aýallaryň sany barha artýardy.


Şeýlelikde, Hudaýyň Hoş Habary has-da ýaýrap, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha köpelýärdi. Köp sanly ruhanylar-da iman etdiler.


Lidada we Şaron düzlüginde ýaşaýanlaryň hemmesi Eneýi görüp, Rebbi iman etdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan