Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 11:16 - Mukaddes Kitap

16 Şonda Rebbimiz Isanyň: „Ýahýa suwa çümdürdi, emma siz Mukaddes Ruha çümdürilersiňiz“ diýen sözi ýadyma düşdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Шонда Реббимиз Исаның: „Яхя сува чүмдүрди, эмма сиз Мукаддес Руха чүмдүрилерсиңиз“ диен сөзи ядыма дүшди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 11:16
20 Iomraidhean Croise  

Meniň käýinjime üns berseňiz, ruhumy üstüňize dökerin. Men sözümi size bildirerin.


Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


«Şondan soň Men her bir ynsan üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, düýşler görer garrylaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz.


Şol gün şeýle bolar: Daglardan täze şerap damar, baýyrlardan süýt akar, Ýahuda jarlarynyň ählisi suwdan dolar. Rebbiň öýünden gözbaş ýarylyp, Şitim jülgesiniň gury jarlaryny gandyrar.


Toba edendigiňiziň nyşany hökmünde men sizi suwa çümdürýärin, emma menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.


Olar günäleri üçin toba edip, Ýahýa tarapyndan Iordan derýasynda çümdürilýärdiler.


Men sizi suwa çümdürýärin, emma Ol sizi Mukaddes Ruha çümdürer» diýip wagyz edýärdi.


Onsoň Isanyň bu sözleri olaryň ýadyna düşdi.


Ýahýa olara: «Men sizi suwa çümdürýärin, emma menden has güýçli Biri geler, men hatda Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.


Ýahýa olara: «Hawa, men adamlary suwa çümdürýärin, emma araňyzda Biri bar, siz Ony tanamaýarsyňyz.


Şol wagt men Onuň kimdigini tanamaýardym, emma halky suwa çümdürmek üçin meni Iberen: „Mukaddes Ruhuň kimiň üstüne inenini görseň, adamlary Mukaddes Ruha çümdürjek Şoldur“ diýdi.


Atanyň Meniň adymdan iberjek Hemaýatçysy, ýagny Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder. Meniň size aýdan ähli sözlerimi ýadyňyza salar.


Bulary Men size häzirden aýdyp goýýaryn. Wagty gelende, bulary size aýdandygymy ýadyňyza salarsyňyz. Size bulary ilkibaşda gürrüň bermedim, sebäbi Özüm siziň bilen biledim.


Ýahýa sizi suwa çümdüripdi, emma ýene birnäçe günden siz Mukaddes Ruha çümdürilersiňiz».


Öz ellerim bilen işläp, mätäçlik çekýänlere kömek etmekde men size görelde görkezdim. Rebbimiz Isanyň hut Özüniň: „Bermek almakdan has köp bagtyýarlyk getirýär“ diýen sözlerini ýatda saklaň».


Çünki biz kim bolsak-da: ýahudymy, grekmi, gulmy, erkinmi – tapawudy ýok, barymyz bir beden bolmak üçin, bir Mukaddes Ruha çümdürildik. Biziň barymyz bir Mukaddes Ruhy kabul etdik.


Eý, söýgüli doganlar, indi size bu ikinji haty ýazýaryn. Bu iki hatymda-da sagdyn pikirli bolmalydygyňyzy ýatlatmak bilen düşünjäňizi oýarýaryn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan