Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 11:12 - Mukaddes Kitap

12 Onsoň Mukaddes Ruh maňa ikirjiňlenmän, olar bilen gitmelidigimi aýtdy. Ýanymdaky bu alty dogan hem meniň bilen bile gitdi, biz ol adamyň öýüne bardyk.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Онсоң Мукаддес Рух маңа икирҗиңленмән, олар билен гитмелидигими айтды. Янымдакы бу алты доган хем мениң билен биле гитди, биз ол адамың өйүне бардык.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 11:12
17 Iomraidhean Croise  

Ýusup bu hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Merýeme öýlenmekden gorkma, sebäbi onuň göwresindäki Mukaddes Ruh arkalydyr.


Emma Hakykat Ruhy gelen wagty sizi tutuş hakykata alyp gider. Ol Öz-Özünden geplemez, näme eşitse, şony geplär we geljek zatlary size aýan eder.


Bir gün Petrus ýygnanyşan ýüz ýigrimä golaý doganlaryň ortasynda durup, şeýle diýdi:


Petrus olary öýe çagyryp myhman aldy. Şol günüň ertesi Petrus olar bilen ýola düşdi. Ýafoly doganlaryň-da käbiri onuň bilen gitdi.


Petrus bilen bile gelen ýahudy imanlylar Mukaddes Ruhuň peşgeşiniň keseki milletleriň üstüne-de inenini görüp geň galdylar,


Ol adam hem bize öýünde özüne görnen perişde barada gürrüň berdi. Perişde oňa: „Ýafo adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny getirt.


Bular Rebbe ybadat edip, agyz bekleýärkäler, Mukaddes Ruh: «Barnap bilen Şawuly Maňa bagyş ediň, goý, olar Meniň tabşyran işimi berjaý etsinler» diýdi.


Mukaddes Ruh tarapyndan ýollanan Barnap bilen Şawul Selukiýa geldiler. Ol ýerden hem gämili Kipr adasyna gitdiler.


Ýygnakda gürrüň uzaga çekensoň, Petrus ýerinden turup, olara şeýle diýdi: «Doganlar! Özüňiz bilýänsiňiz, keseki milletlere Hoş Habary wagyz etmegim üçin, ençeme wagt mundan öň Hudaý araňyzdan meni saýlady. Ol muny milletleriň Hoş Habary eşidip, iman etmegi üçin şeýle etdi.


Hudaý olaryň imany arkaly ýüreklerini päkledi. Şeýdip, Hudaý biziň bilen keseki milletleriň arasyndaky parhy ýok etdi.


Rimdäki doganlar biziň gelendigimizi eşidip, bizi garşylamak üçin ol ýerden Appiýus bazaryna we Üç kerwensaraý diýen oba çenli geldiler. Pawlus olary görende, Hudaýa şükür edip, ýene gaýrata galdy.


Mukaddes Ruh Filipe: «Bar, arabanyň ýanyndan ýöre!» diýdi.


Isa Mesihe iman edýänleriň ählisi Hudaýyň huzurynda aklanýandyrlar. Adamlaryň arasynda hiç parh ýokdur,


«Rebbiň güni golaýlady» diýip aýdýan haýsydyr bir habar, pygamberlik ýa-da hat bizden ýaly bolup görünse-de, şolar sebäpli haýdan-haý aljyramaň, galpylda düşmäň.


Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan