Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 10:9 - Mukaddes Kitap

9 Ertesi gün olar ýol ýöräp, şähere golaýlanlarynda, günortan on iki töweregi Petrus Hudaýa doga etmek üçin üçege çykypdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Эртеси гүн олар ёл йөрәп, шәхере голайланларында, гүнортан он ики төвереги Петрус Худая дога этмек үчин үчеге чыкыпды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 10:9
19 Iomraidhean Croise  

Bir gün agşamara Dawut düşeginden turup, köşgüň üçegine çykdy-da, gezim etmäge başlady. Şol wagt suwa düşünip duran bir aýala onuň gözi düşdi. Aýal diýseň görmegeýdi.


Iýerusalimiň öýleri-de, Ýahudanyň patyşalarynyň köşkleri-de Topet ýaly murdar saýylar. Çünki bu öýleriň ählisiniň üçeginde asman jisimlerine ýakymly ysly tütetgiler ýakdylar, başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürlediler“».


Bu şäheriň garşysyna söweşýän babyllylar gelip, ony otlarlar. Meniň gaharymy getirip, üçeklerinde Bagal butuna hoşboý ysly tütetgiler ýakan we başga hudaýlara içgi sadakalaryny hödürlän halkymyň öýlerini oda ýakarlar.


Permana gol çekilenini bilenden soň, Danyýel öýüne gaýtdy. Onuň ýokarky otagynyň penjireleri Iýerusalime tarap bakýardy. Danyýel öňki edişi ýaly, dyzyna çöküp, günde üç gezek öz Hudaýyna dileg edýärdi we Onuň öňünde şükür edýärdi.


Tamyň üçeginde asman jisimlerine sežde edýänleri, Rebbe sežde edip, Ondan ant içýänleri, Molek butundan ant içýänleri,


Günortan we öýlän sagat üçlerde ýene daşary çykyp, ýene şeýle edýär.


Üçekdäki adam bir zat almak üçin aşak düşüp, öýe girmesin.


Günortan on ikiden öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy.


Emma siz doga-dileg edeniňizde, otagyňyza girip, gapyny ýapyň-da, görünmeýän Ataňyza gizlinlikde ediň. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer.


Ir säher bilen heniz daň atmanka, Isa turup, daşary çykdy. Bir çola ýere baryp, Hudaýa doga etdi.


Isa olar bilen hoşlaşandan soň, Hudaýa doga etmek üçin daga çykdy.


Bir gün öýlän sagat üçlerde Kornelä bir görnüş aýan bolup, öz ýanyna Hudaýyň bir perişdesiniň gelenini aýdyň gördi. Perişde: «Eý, Korneliý!» diýip seslendi.


Biz bolsa özümizi Hudaýa doga-dileg etmäge we Onuň Hoş Habaryny wagyz etmäge bagyş edeliň».


Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.


Şoňa görä-de, erkekleriň gaharlanman, jedelleşmän, ähli ýerde ellerini galdyryp, päk ýürekden doga-dileg etmeklerini isleýärin.


Olar seždegähden gala gaýdyp gelenlerinden soň, Şamuwel Şawul bilen üçegiň üstünde gepleşdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan