Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 10:4 - Mukaddes Kitap

4 Korneliý gorky içinde gözlerini oňa dikip: «Gulak asýan!» diýdi. Perişde oňa: «Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Корнелий горкы ичинде гөзлерини оңа дикип: «Гулак асян!» дийди. Перишде оңа: «Сениң Худая эден догаларың, гарыплара пайлан садакаларың Онуң назарында кабул болды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 10:4
24 Iomraidhean Croise  

Şol döwürlerde Hizkiýa syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Ol Rebbe dileg etdi. Reb Hizkiýanyň dilegine jogap berip, oňa bir alamat berdi.


Sen gökde, Öz mesgeniňde ony eşit-de, dünýäniň ähli halklarynyň ysraýyl halky ýaly Seniň adyňy bilip, Senden gorkup, Saňa ybadat üçin guran öýümi bilerleri ýaly, kesekiniň dilegine-de jogap ber.


Onuň öňüne arz-halymy dökýärin, Onuň öňünde gaýgylarymy beýan edýärin.


Ýürek arzuwlaryny Sen oňa berdiň; diliniň dilegini Sen ret etmediň.


Maňa ýatlat! Gel, bilelikde dawalaşalyň, aklanar ýaly delilleriňi aýt.


Men gizlinlikde, tümlük mekanynda geplemedim, Ýakubyň nesline: «Meni çola ýerden agtaryň» diýmedim. Men – Rebbiň sözleýäni hakykatdyr, dogrulykdyr beýan edýäni.


Ol maňa: «Danyýel, sen jandan eziz söýülýänsiň. Meniň saňa aýtjak sözlerime gulak goý. Tur, aýaga gal, çünki men seniň ýanyňa iberildim» diýdi. Ol bu sözleri aýdanda, men titräp ýerimden galdym.


Onsoň galla sadakasy Harunyň ogullaryna – ruhanylara getirilip berilsin. Ruhany zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý unundan bir goşawujyny, ýakymly ysly tütetginiň baryny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen bu sadaka paýynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Onsoň Rebden gorkýanlar biri-birileri bilen gepleşdiler. Reb üns berip diňledi. Rebden gorkup, adyna hormat goýýanlar hakynda Onuň öňünde bir ýatlama kitaby ýazyldy.


Size dogrusyny aýdýaryn, bu Hoş Habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de şol ýerde ýatlanar».


Merýem bu sözlere ör-gökden gelip, bu salamyň näme aňladýandygyny biljek bolup pikire batdy.


Aýallar gorkup, başlaryny ýere egdiler. Ýaňky adamlar olara: «Siz näme üçin dirini ölüleriň arasyndan gözleýärsiňiz?


„Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


Bu adam Pawlusyň gürrüňini diňläp otyrdy. Pawlus hem oňa dikanlap seredip, onuň sagaljagyna imanynyň bardygyny gördi.


Men: „Ýa Reb! Men näme etmeli?“ diýip soradym. Ol hem maňa: „Ýeriňden tur-da, Damaska git. Näme etmelidigiň saňa şol ýerde aýdylar“ diýdi.


Petrus bilen Ýohanna oňa üns berip seretdiler. Soňra Petrus oňa: «Bize seret!» diýdi.


Meniň hemme zadym bar, artygy bilen bar. Epafrodit siziň iberen peşgeşleriňizi getireli bäri, kem zadym galmady. Bular hoşboý ysly gurbanlyk kimin Hudaýyň halaýan gurbanydyr.


Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň.


Ýagşylyk etmegi we elde baryňyzy beýlekilere eçilmegi unutmaň, sebäbi şunuň ýaly sadakalar Hudaýa ýaraýandyr.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


Hudaýyň halkynyň doga-dilegleri bilen birlikde ýakymly ysly tütetginiň tüssesi perişdäniň elinden Hudaýyň huzuryna tarap ýokary göterildi.


Reb gelip, ol ýerde durdy we: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ýene öňküleri ýaly ony çagyrdy. Şamuwel: «Ýa Reb, aýdyber, guluň diňleýär» diýip jogap berdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan