Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 10:34 - Mukaddes Kitap

34 Şonda Petrus söze başlap, şeýle diýdi: «Men, hakykatdan-da, Hudaýyň hiç kime tarapgöýlik etmeýändigine göz ýetirdim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

34 Шонда Петрус сөзе башлап, шейле дийди: «Мен, хакыкатдан-да, Худайың хич киме тарапгөйлик этмейәндигине гөз етирдим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 10:34
23 Iomraidhean Croise  

Rebbiň gorkusy siziň üstüňizde bolsun. Işiňizde ägä boluň. Hudaýymyz Rebde adalatsyzlyk, ýüz görmeklik ýa-da para almaklyk ýokdur».


Han-beglerden ýüz görmeýär, baýy garypdan ýokary tutmaýar, çünki hemmeler Onuň eliniň ýaradanydyr.


Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler. Olar Isadan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakmaýarsyň.


Isa hem olara öwretmäge başlady:


Şeýlelikde, olar Oňa: «Mugallym! Biz Seniň dogry zady öwredýändigiňi, adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi bilýäris.


Şeýlelikde, men dessine saňa adam ýolladym, sen-de gelip ýagşy etdiň. Ine, hemmämiz Hudaýyň saňa aýtmagy buýran ähli zadyny eşitmek üçin, Onuň huzuryna toplandyk».


Hudaý olaryň imany arkaly ýüreklerini päkledi. Şeýdip, Hudaý biziň bilen keseki milletleriň arasyndaky parhy ýok etdi.


Onsoň Filip düşündirmäge başlady, Mukaddes Ýazgylaryň şu ýerdäki parçasyndan başlap, Isa hakdaky Hoş Habary oňa wagyz etdi.


sebäbi Hudaý ýüz görýän däldir.


Eýsem Hudaý diňe ýahudylaryň Hudaýymy? Ol başga milletleriň hem Hudaýy dälmi näme? Elbetde, Ol başga milletleriň hem Hudaýy.


Ýygnagyň ýolbaşçylary meniň wagyz edýän Hoş Habaryma hiç zat goşmadylar. (Olar kim bolsalar-da, maňa parhy ýok, sebäbi Hudaý adamyň daş keşbine garamaýar!)


Eý, hojaýynlar, siz hem gullaryňyza edil şu tärde serediň, olary gorka salmaň, sebäbi olaryň hem, siziň hem gökde Hojaýynyňyzyň birdigini bilýänsiňiz. Ol hiç kime tarapgöýlik etmeýär.


Siz kazylyk edeniňizde, tarapgöýlik etmeli dälsiňiz: uly dawany-da, kiçi dawany-da deň diňläň. Hiç kimden gorkmaň, çünki çözgüt Hudaýdandyr. Size çözmesi kyn düşen dawany maňa getiriň, ony özüm diňlärin“ diýdim.


Çünki siziň Hudaýyňyz Reb hudaýlaryň Hudaýy, taňrylaryň Taňrysydyr. Ol beýik Hudaýdyr, gudratly we haýbatlydyr. Ol tarapgöýlik etmeýär we para almaýar.


Adalatsyzlyk, tarapgöýlik etmäň, para almaň. Para danalygyň gözüni kör eder we dogrynyň işini ters eder.


Bu ýaradylyşda ýahudy däl bilen ýahudynyň, sünnetli bilen sünnetsiziň, nadan bilen medeniýetsiziň, gul bilen azadyň arasynda hiç bir parh ýokdur, emma Mesih hemme zatdyr, hemme zatdadyr.


Kim ýamanlyk etse, öz eden ýamanlygynyň almytyny alar, Reb hiç kime tarapgöýlik edýän däldir.


Eý, doganlarym, şöhratly Rebbimiz Isa Mesihe bolan imanyňyz sebäpli tarapgöýlik etmekden saklanyň.


bu siziň tarapgöýlik etdigiňiz bolmazmy? Eger şeýle etseňiz, erbet pikirli kazylara meňzärsiňiz.


Emma adamlara tarapgöýlik edýän bolsaňyz, günä edýänsiňiz we Mukaddes Kanunyň öňünde kanuny bozan hasaplanýansyňyz.


Bütinleý ýüz görmezden, her kime eden işine görä höküm çykarýan Hudaýy Ata diýip çagyrýan bolsaňyz, bu dünýädäki wagtlaýyn döwrüňizi Hudaýdan gorkup geçiriň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan