Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 10:22 - Mukaddes Kitap

22 Olar: «Bizi ýüzbaşy Korneliý iberdi. Ol dogry we Rebbe sežde edýän adam, ýahudy halkynyň arasynda hem onuň abraýy uludyr. Hudaýyň bir perişdesi oňa: „Petrusy öýüňe çagyryp, onuň aýtjak sözlerini diňle“ diýip buýruk beripdir» diýdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

22 Олар: «Бизи йүзбашы Корнелий иберди. Ол догры ве Реббе сежде эдйән адам, яхуды халкының арасында хем онуң абрайы улудыр. Худайың бир перишдеси оңа: „Петрусы өйүңе чагырып, онуң айтҗак сөзлерини диңле“ дийип буйрук берипдир» дийдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 10:22
36 Iomraidhean Croise  

Eý, Efraýym, butlar bilen işim ýok. Dilegiňe jogap berip, ybadatyňa seredýän Mendirin. Men mydam ýaşyl serwi ýalydyryn. Seniň bar miweleriň Menden geler».


Sered-ä olaryň tekepbirligine! Olaryň niýeti betpäl, emma dogruçyl iman bilen ýaşar».


Onuň adaglysy Ýusup dogruçyl adamdy, şoňa görä ol Merýemiň ile masgara bolmagyny islemän, ony ýaşyryn aýryp goýbermegi ýüregine düwdi.


Hirodyň ýanyna gaýdyp barmazlyk hakda düýş arkaly duýduryş berlensoň, müneçjimler öz ýurtlaryna başga ýol bilen gaýtdylar.


Sebäbi Hirod Ýahýanyň dogry hem mukaddes adamdygyny bilip, ondan heder etdi we ony gorady. Ony diňledigiçe, howsala düşýärdi, emma şonda-da höwes bilen diňlärdi.


Bu biwepa, günäkär nesliň arasynda kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Atasynyň şöhratynda mukaddes perişdeleri bilen gelen mahaly ondan utanar».


Şol wagt Iýerusalimde Şimgon atly bir dogruçyl we takwa adam ýaşaýardy. Ol ysraýyl halkynyň azat edilmegine garaşýardy, Mukaddes Ruh onuň üstündedi.


Mejlis agzalaryndan Ýusup atly bir adam bardy. Ol oňat hem dogruçyl adamdy.


Kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Özüniň, Atasynyň we mukaddes perişdeleriň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar.


Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň iberen adamymy kabul eden Meni kabul edýändir, Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir».


Men diňe olar üçin däl, eýsem olaryň wagzy bilen Maňa iman etjekler üçin-de dileg edýärin.


Çünki Maňa aýdan sözleriňi Men olara ýetirdim. Olar sözleriňi kabul edip, Meniň, hakykatdan-da, Senden gelendigimi bildiler. Meni Seniň iberendigiňe iman etdiler.


Hakykatdan hem, Meniň sözlerimi diňläp, Meni Iberene iman eden adam baky ýaşaýşa eýe bolýandyr, ol höküm edilmez. Ol ölümden ýaşaýşa geçendir.


Ýaşaýyş berýän Ruhdur, ynsan güýjüniň peýdasy ýokdur. Meniň size aýdýan sözlerim Mukaddes Ruhdandyr we ýaşaýyş berýändir.


Simun Petrus Oňa: «Agam, biz Seni terk edip, başga kime baraly? Baky ýaşaýyş sözleri diňe Sende ahyryn.


Korneliý hudaýhon adam bolup, özi hem, öý-içersi hem Rebbe sežde edýärdi. Ol halkyň arasyndaky mätäçlere köp kömek edip, elmydama Hudaýa doga ederdi.


Petrus adamlaryň ýanyna gelip: «Gözleýän adamyňyz men. Näme üçin geldiňiz?» diýdi.


Korneliý şeýle jogap berdi: «Üç gün mundan ozal şu wagtlar agzym beklidi. Öýlän sagat üçlerde öýümde Hudaýa doga-dileg edýärdim. Ine, birdenkä garşymda lowurdaýan eşikde bir adam peýda boldy. Ol maňa:


Şeýlelikde, men dessine saňa adam ýolladym, sen-de gelip ýagşy etdiň. Ine, hemmämiz Hudaýyň saňa aýtmagy buýran ähli zadyny eşitmek üçin, Onuň huzuryna toplandyk».


Bu adam deňziň ýakasynda ýaşaýan Simun diýen deri eýleýjiniň myhmanydyr» diýdi.


Onuň saňa aýtjak habary arkaly özüň we tutuş öý-içeriň halas bolar“ diýipdir.


Ol ýerde Hanany atly bir adam ýaşaýardy. Ol hudaýhon hem Mukaddes Kanuna berlendi, Damaskdaky ähli ýahudylaryň arasynda uly hormata eýedi.


Edil bu adamlar ýaly, men hem dogrularyň-da, dogry dälleriň-de ölümden direljekdigine Hudaýa umyt baglaýaryn.


Eý, doganlar, öz araňyzdan ýedi adamy saýlaň. Olar Mukaddes Ruhdan we akyl-paýhasdan doly, atly-abraýly adamlar bolsunlar. Bu hyzmaty şolara tabşyralyň.


Hoş Habar Hudaýyň adamlary aklaýandygyny aýan edýär. Ol iman edýänleri, hawa, diňe iman edýänleri aklaýar. Çünki Mukaddes Ýazgylarda: «Dogruçyl iman bilen ýaşar» diýip ýazylgydyr.


Bularyň bary Hudaýdandyr. Ol Isa Mesih arkaly bizi Özi bilen ýaraşdyryp, bize ýaraşdyrma hyzmatyny tabşyrdy.


Ýa-da siziň: „Biz ony eşidip, ýerine ýetirer ýaly, kim biziň üçin deňziň aňry tarapyna geçip, ony bize getirip berer?“ diýmezligiňiz üçin, ol deňziň aňyrsynda däldir.


Biabraýlyga uçramaz ýaly we iblisiň duzagyna düşmez ýaly, ol ýygnagyň daşyndaky adamlaryň arasynda hem sylanylýan bolmalydyr.


Meniň dogruçyl halkym iman bilen ýaşar, eger imandan dänse, ondan razy bolmaryn».


Ata-babalarymyz iman arkaly Hudaýy hoşnut etdiler.


Hudaýyň perzentleriniň ýygnagyna golaýlaşdyňyz, olaryň atlary gökde ýazylandyr. Hemmäniň Kazysy bolan Hudaýyň huzuryna geldiňiz. Hudaýyň owal-başdan kämillige ýetiren adamlarynyň öňüne geldiňiz.


Mukaddes pygamberleriň gadymyýetde aýdan habaryny we Rebbimiz Halasgäriň resullaryňyz arkaly size beren buýrugyny ýadyňyza salmakçy.


Demetreý bolsa hemmeler tarapyndan sylanýan adamdyr, hakykatyň özi muňa şaýatdyr. Biz hem ol hakda ýagşy pikirdediris, gepimiziň hakykatdygyny özüň bilýänsiň.


Hudaýyň gazap käsesinden içer. Bu käse Hudaýyň gazabynyň şerabyndan, hiç zat garylmadyk sap şerapdan doludyr. Şeýle adam mukaddes perişdeleriň we Guzynyň öňünde ot, kükürt bilen gynalar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan