Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 10:1 - Mukaddes Kitap

1 Kaýsariýada Korneliý atly bir adam bardy. Ol «Italiýa» atly rim goşun bölüminiň ýüzbaşysydy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Кайсарияда Корнелий атлы бир адам барды. Ол «Италия» атлы рим гошун бөлүминиң йүзбашысыды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 10:1
19 Iomraidhean Croise  

Soňra häkimiň esgerleri Isany hökümet saraýyna eltip, tutuş goşun toparlaryny Onuň daşyna üýşürdiler.


Isa garawullyk edip duran ýüzbaşy bilen ýanyndaky esgerler ýer titremäni, bolan beýleki zatlary görenlerinde, gorka düşüp: «Hakykatdan-da, bu Hudaýyň Ogly eken!» diýdiler.


Esgerler Isany hökümet saraýyna eltip, tutuş goşun toparlaryny Onuň daşyna üýşürdiler.


Bu ýerde bir ýüzbaşynyň ezizläp hormatlaýan hyzmatkäri keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy.


Onsoň esgerler, olaryň harby serkerdesi we ýahudy garawullary Isany tutup, elini-aýagyny daňdylar.


Ol Rim esgerleriniň bir bölümi bilen birlikde ýolbaşçy ruhanylaryň we fariseýleriň iberen garawullaryny alyp geldi. Olaryň elleri çyraly, panusly we ok-ýaraglydy.


Ertesi gün olar Kaýsariýa bardylar. Korneliý hem dogan-garyndaşlaryny, ýakyn dostlaryny üýşürip, olara garaşyp otyrdy.


Pawlusy öldürjek bolup durkalar, Rim goşunynyň müňbaşysyna bütin Iýerusalimiň aýaga galandygy baradaky habar gelip gowuşdy.


Ertesi gün biz ýola düşüp, birnäçe günden Kaýsariýa geldik we hoş habarçy Filipiň öýünde galdyk, ol saýlanan ýedi ýolbaşçynyň biridi.


Pawlusy gamçylamak üçin baglanlarynda, Pawlus ýanynda duran ýüzbaşydan: «Rim raýatynyň hiç hili aýyby ýok hem bolsa, ony gamçylamak siziň kanunyňyza laýyk gelýärmi?» diýip sorady.


Onsoň müňbaşy ýüzbaşylaryndan ikisini ýanyna çagyryp: «Agşam sagat dokuzda Kaýsariýa gitmek üçin, iki ýüz sany pyýada, ýetmiş sany atly esgeri we iki ýüz naýzaçy taýynlaň.


Atlylar Kaýsariýa gelenlerinde, haty häkime gowşuryp, Pawlusy-da onuň eline tabşyrdylar.


Festus welaýata häkim bolup gelenden üç gün soň, Kaýsariýadan Iýerusalime gitdi.


Birnäçe gün geçenden soň, Agrip patyşa öz uýasy Bernik bilen Festusy gutlamak üçin, Kaýsariýa geldi.


Bizi deňiz arkaly Italiýa ibermegi karar etdiler. Şonda Pawlus bilen ýene-de birnäçe tussagy Imperiýa goşunyndaky Ýuliý diýen ýüzbaşa tabşyrdylar.


Emma Pawlus ýüzbaşy bilen esgerlere: «Bular gämide galmasalar, siz diri galyp bilmersiňiz» diýdi.


Emma ýüzbaşy Pawlusy halas etmek isläp, olary bu niýetlerinden dändirdi. Olara ýüzüp bilýänler gämiden özlerini öňürti zyňsynlar we ýüzüp çyksynlar,


Filip bolsa Aşdotda peýda boldy. Ol Kaýsariýa baryp ýetýänçä, ähli şäherlerde Hoş Habary wagyz etdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan