Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 1:9 - Mukaddes Kitap

9 Isa bulary aýdandan soňra, resullar seredip durka, bir bulutda ýokary göterildi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Иса булары айдандан соңра, ресуллар середип дурка, бир булутда ёкары гөтерилди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 1:9
17 Iomraidhean Croise  

Sen guluňdan Öz ýüzüňi gizleme, ejir çekýärin, tizräk jogap bersene!


Reb Musa: «Ine, seniň bilen gepleşenimde, adamlar eşider ýaly we olar saňa hemişelik ynanar ýaly, Men seniň ýanyňa goýy bulutda gelerin» diýdi. Musa halkyň sözlerini Rebbe aýdanda,


Reb bulut içinde aşak inip, Musanyň ýanynda durdy-da: «Men – Reb!» diýip, Öz adyny yglan etdi.


Müsür baradaky pygamberlik: Ine, ýyldam buluda atlanyp, Müsüre gelýär Reb, Müsür butlary titreşerler, müsürlileriň ýürekleri ýarylar huzurynda Onuň.


Gije şol görnüşimde ynsan ogluna meňzeş biriniň gögüň bulutlary bilen gelýändigini gördüm. Ol owaldan Bar Bolanyň ýanyna ýakynlaşyp, Onuň huzuryna getirildi.


Reb Isa olara bulary gürrüň bereninden soň, göge alyndy we Hudaýyň sagynda oturdy.


Şonda olar Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, bulutlarda gelýänini görerler.


Onda siz Ynsan Oglunyň owal bolan ýerine gaýtadan çykanyny görseňiz näme diýerkäňiz?


«Eý, jelileliler! Näme üçin göge seredip dursuňyz? Isanyň göge göterilenini gözüňiz bilen gördüňiz ahyry. Ol göge nähili göterilen bolsa, hut şonuň ýaly hem gaýdyp geler» diýdiler.


Ol göge göterilmezden öň, Mukaddes Ruh arkaly Öz saýlan resullaryna buýruklar berdi.


Soňra bolsa biz, ýagny diriler, olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin, bulutlar içinde alnyp göterileris we elmydama Reb bilen bolarys.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Ine, Ol bulutlaryň arasy bilen gelýär! Ony hemmeler, hatda Ony deşim-deşim edenler hem görer. Dünýäniň ähli halklary Ol sebäpli aglarlar. Bu dogrudan-da şeýle bolar! Omyn.


Iki pygamber gökden: «Bäri, ýokary çykyň!» diýýän batly sesi eşitdi. Onsoň olar duşmanlarynyň gözüniň alnynda bulutda göge galdylar.


Bular ömürlerinde aýala ýanaşman, öz päkligini saklanlardy. Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna eýerýänlerdi. Bular ynsanlaryň arasyndan azat edilip, ilkinji hasyl hökmünde Hudaýa we Guza bagyş edilenlerdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan