Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 1:6 - Mukaddes Kitap

6 Resullar bir ýere üýşenlerinde, Isadan: «Ýa Reb! Eýsem Ysraýyl şalygyny dikeltmäge wagt bolmadymy näme?» diýip soradylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Ресуллар бир ере үйшенлеринде, Исадан: «Я Реб! Эйсем Ысрайыл шалыгыны дикелтмәге вагт болмадымы нәме?» дийип сорадылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 1:6
23 Iomraidhean Croise  

Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Kazylaryňy ozalky halyna, maslahatçylaryňy öňki halyna dikelderin. Şondan soň saňa: „Dogrulyk şäheri, sadyk şäher“ diýler».


Hut şunuň ýaly, Ýakubyň nesli bilen gulum Dawudyň neslini-de ret etmedim. Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesliniň üstünden Dawudyň ogullaryndan birini hökümdarlyk etmek üçin saýladym. Çünki Men olaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin we olara rehimdarlyk ederin“».


Patyşalyk, hökümdarlyk, tutuş gögüň astyndaky patyşalyklaryň beýikligi Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryna berler. Bu halkyň patyşalygy ebedi patyşalyk bolar. Ähli hökümdarlar bu halka gulluk edip, boýun egerler».


Çünki ysraýyllar uzak wagtlap patyşasyz, hökümdarsyz, gurbanlyksyz, dikme daşsyz, efotsyz, butsuz ýaşarlar. Şondan soň ysraýyllar dolanyp, öz Hudaýy Rebbi hem patyşasy Dawudy gözlärler. Ahyrky günlerde bolsa olar Rebden gorkup, Hudaýyň ýalkawyna dolanarlar.


Şol gün Men Dawudyň ýykylan çadyryny dikelderin, böwsülen böwürlerini bejererin, weýran bolan ýerlerini oňaryp, gadym döwürdäki ýaly ederin.


Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


Isa olara: «Dogrudan-da, öňürti Ylýas gelip, ähli zady düzetmeli.


Isa aýaldan: «Näme isleýärsiň?» diýip sorady. Aýal Isa ýüzlenip: «Öz Şalygyňda meniň bir oglumyň Seniň sagyňda, beýlekisiniň bolsa çepiňde oturmagyny emr et» diýdi.


Soňrak Isa ýeke Özi Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňi we dünýäniň ahyryny görkezýän alamat nähili bolar?» diýip soradylar.


Isa hem olara: «Dogrudan-da, öňürti Ylýas gelip, ähli zady düzetmeli. Emma Ynsan Oglunyň köp görgi görüp, ret edilmelidigi hakynda hem ýazylan ahyryn.


Bir gün fariseýler Isadan Hudaýyň Şalygynyň haçan geljekdigini soranlarynda, Ol: «Hudaýyň Şalygy göze görnüp gelmez.


Bu zatlary diňläp durkalar, Isa bir tymsal bilen sözüniň üstüni ýetirdi. Sebäbi Ol Iýerusalimiň golaýyndady, halk hem Hudaýyň Şalygy basym görner diýip oýlaýardy.


Atamyň Meni Patyşa belleýşi ýaly, Men-de sizi patyşa edip belleýärin.


Petrus ony görüp, Isadan: «Ýa Reb, onuň ykbaly nähili bolar?» diýip sorady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan