Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 1:3 - Mukaddes Kitap

3 Isa ejir çekip ölenden soň, ençeme ynandyryjy deliller arkaly resullara direlendigini aýan etdi. Ol kyrk günüň dowamynda olara görnüp, Hudaýyň Şalygy barada gürrüň berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Иса эҗир чекип өленден соң, энчеме ынандырыҗы делиллер аркалы ресуллара дирелендигини аян этди. Ол кырк гүнүң довамында олара гөрнүп, Худайың Шалыгы барада гүррүң берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 1:3
27 Iomraidhean Croise  

Ylýas pygamber turup iýip-içdi. Onsoň ol naharyň güýjüne kyrk gije-gündizläp ýol ýöräp, Hudaýyň dagy Horebe geldi.


«Munuň üçin size şeýle diýýärin: Hudaýyň Şalygy sizden alnyp, Şalyk üçin hasyl öndürjek halka berler.


Birdenkä olara Isa duşup: «Salam!» diýdi. Olar hem Onuň ýanyna gelip, aýagyna ýykylyp, Oňa sežde etdiler.


Ol: «Toba ediň, sebäbi Gögüň Şalygy golaýlady» diýýärdi.


Isa kyrk gije-gündiz agyz bekländen soňra ajykdy.


Reb Isa olara bulary gürrüň bereninden soň, göge alyndy we Hudaýyň sagynda oturdy.


Sekiz günden soň, şägirtler ýene öýde üýşüp otyrdylar. Bu gezek Tomas hem olaryň arasyndady. Gapylar gulply bolsa-da, Isa öýe girip, olaryň arasynda durdy. Ol: «Size rahatlyk bolsun!» diýdi.


Bu wakalardan soň, Isa Tiberiýa kölüniň kenarynda ýene şägirtlerine göründi. Bu şeýle boldy:


Bu Isanyň direlenden soň, şägirtlerine üçünji gezek görnüşidi.


Ençeme günläp Isa Özi bilen Jelileden Iýerusalime gelenlere göründi. Bu adamlar indi ysraýyl halkyna Ol hakda şaýatlyk edýärler.


Pawlus üç aýlap sinagoga baryp, ol ýerde halka ynandyryjy deliller bilen Hudaýyň Şalygy barada batyrgaý wagyz etdi.


Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi.


Ol batyrgaýlyk bilen we hiç bir bökdençsiz Hudaýyň Şalygyny wagyz edip, Rebbimiz Isa Mesih barada öwretdi.


Emma Filip Hudaýyň Şalygy we Isa Mesih baradaky Hoş Habary wagyz edende, adamlar oňa ynandylar. Aýal-erkek diýmän olaryň hemmesi Isanyň ady bilen suwa çümdürildi.


Çünki Hudaýyň Şalygy iýmek-içmek däl-de, Mukaddes Ruhuň peşgeş berýän dogrulygy, parahatlygy we şatlygydyr.


Soňra men öňki ýaly ýüzin düşüp, kyrk gije-gündizläp Rebbiň huzurynda boldum. Ne çörek iýdim, ne-de suw içdim. Rebbiň nazarynda pis işleri edip, Onuň gaharyny getirmek bilen eden ähli günäleriňiz üçin men şeýle etdim.


Men iki ýasy daş bölegini almaga, ýagny Rebbiň siz bilen eden äht daşlaryny almaga daga çykanymda, men kyrk gije-gündizläp dagda boldum. Ol ýerde men ne çörek iýdim, ne-de suw içdim.


Ol bizi garaňkylygyň ygtyýaryndan boşadyp, Öz söýgüli Oglunyň Şalygyna getirdi;


Biz size owal-başdan bar bolan Ýaşaýyş Sözi hakda habar berýäris. Gulagymyz bilen eşidip, elimiz bilen tutup, gözümiz bilen görenlerimizi yglan edýäris.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan