Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 1:26 - Mukaddes Kitap

26 Onsoň bu ikisi üçin bije atdylar. Mattiniň bijesi çykdy. Şeýlelikde, Mattiý on bir resula goşuldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

26 Онсоң бу икиси үчин биҗе атдылар. Маттиниң биҗеси чыкды. Шейлеликде, Маттий он бир ресула гошулды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 1:26
15 Iomraidhean Croise  

Adalatly bolmak üçin iki topar hem bije boýunça bölündiler, sebäbi mukaddes çadyra hem-de Hudaýa hyzmat etmeli ýolbaşçylar Elgazaryň nesliniň arasynda-da, Ytamaryň nesliniň arasynda-da bardy.


Biz halk, ruhanylar we lewiler bije atyşyp, her ýyl bellenen wagtlarda Hudaýymyzyň öýüne oduny haýsy urugyň getirmelidigini şertleşdik. Bu odunlar kanunda ýazylyşy ýaly, Hudaýymyz Rebbiň gurbanlyk sypasynda ýakylmalydy.


Halk baştutanlary Iýerusalimde ýaşadylar. Ilatyň galany bije atyşyp, mukaddes şäher bolan Iýerusalimde ýaşar ýaly, her on maşgaladan birini saýladylar. Galan dokuzysy bolsa beýleki galalarda galdylar.


Akyl-paýhas eýesi üçin ýaşaýyş çeşmesidir, akmak üçin akmaklyk jezadyr.


Bije etege atylýar, ýöne höküm Rebdendir.


Onsoň Harun iki erkeç üçin bije atsyn: bir erkeç Rebbe gurbanlyk hökmünde hödürlensin, beýlekisi bolsa günä alyp gidýän erkeç bolar.


Şol wagt gämiçiler biri-birlerine: «Geliň, bije atalyň-da, haýsymyz sebäpli bu bela duçar bolandygymyzy bileliň» diýişdiler. Şeýlelikde, olar gurra taşladylar. Gurra Ýunusa düşdi.


Resullar Isanyň ýanyna ýygnanyp, ähli eden işleri, halka öwreden zatlary barada Oňa habar berdiler.


Şeýlelikde, iki adamy öňe çykardylar. Olaryň biri Barsap lakamly Ýusup (oňa Ýustus hem diýýärdiler), beýlekisi bolsa Mattiýdi.


Kengan ýurdunda ýaşaýan ýedi milleti gyryp, ýurtlaryny olara miras berdi.


Şonda Petrus Onbirler bilen bile ýerinden turup, batly ses bilen şeýle diýdi: «Eý, ýahudy doganlar we Iýerusalim ilaty! Munuň manysyny size düşündireýin, meniň sözlerime gulak asyň.


Rebbiň Musanyň üsti bilen olara buýruşy ýaly, olar mülk ýerleri dokuz tiräniň we bir sany ýarym tiräniň arasynda bije atyşmak bilen paýlaşdylar.


Ol ýerde Ýeşuwa Rebbiň huzurynda bije atyp, ýerleri ysraýyllaryň tirelerine özleriniň bölüşleri ýaly paýlady.


Şäheriň diwary on iki binýadyň üstünde bina edilipdi, olara Guzynyň on iki resulynyň ady ýazylgydy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan