Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 1:16 - Mukaddes Kitap

16 «Eý, doganlar! Isany tutmaga gelenlere ýolbaşçylyk eden Ýudas hakda Mukaddes Ruh Dawut arkaly owal-başdan pygamberlik edipdi. Mukaddes Ýazgylardaky şol sözler amala aşmalydy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 «Эй, доганлар! Исаны тутмага геленлере ёлбашчылык эден Юдас хакда Мукаддес Рух Давут аркалы овал-башдан пыгамберлик эдипди. Мукаддес Язгылардакы шол сөзлер амала ашмалыды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 1:16
38 Iomraidhean Croise  

«Rebbiň Ruhy meniň üstüm bilen gepleýär, dilimde Onuň sözleri.


Rebbiň Ýehuwa: «Seniň nesilleriň dördünji arka çenli Ysraýyl tagtynda oturarlar» diýip beren wadasy berjaý boldy.


Reb gündiz sadyk söýgüsini görkezýär, gijelerine men Oňa nagma aýdýaryn – ömrümiň Hudaýyna doga edýärin,


Soňra Onkilerden Ýudas Iskariýot diýen biri ýolbaşçy ruhanylaryň ýanyna gitdi.


Isa heniz gepläp durka, Onkileriň biri bolan Ýudas peýda boldy. Onuň ýanynda ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular tarapyndan iberilen gylyçly, taýakly bir mähelle bardy.


Emma beýtsem, Mukaddes Ýazgylar nähili berjaý bolar? Bularyň ählisiniň amala aşmagy gerek ahyry!»


Ýöne bularyň ählisi pygamberleriň ýazgylarynyň berjaý bolmagy üçin boldy» diýdi. Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler.


Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, şeýle diýipdir: „Hudaý Rebbime şeýle sözledi: ‘Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam, Meniň sagymda otur’“.


Isa heniz gepläp durka, Onkileriň biri bolan Ýudas peýda boldy. Onuň ýanynda ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular tarapyndan iberilen gylyçly, taýakly bir mähelle bardy.


Ol entek gepläp durka, bir mähelle peýda boldy. Onkileriň biri Ýudas mähelläniň öňüne düşüp gelýärdi. Ýudas Isany ogşajak bolup, Onuň golaýyna geldi.


Mukaddes Ýazgylary üýtgedip bolmaýandygyny bileňzokmy näme?! Hudaýyň Sözi gelen adamlar „hudaýlar“ diýlip atlandyrylan bolsa,


Men siziň hemmäňiz hakda aýtmaýaryn. Men Öz saýlanlarymy bilýärin. Emma, goý, bu Mukaddes Ýazgylardaky: „Hatda duzumy iýen maňa haýynlyk etdi“ diýen sözler berjaý bolsun.


Men olaryň ýanyndakam, Maňa beren gudratyň bilen olary gorap sakladym. Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun diýip, heläk edilmeli adamdan başga olaryň hiç biri ýitmedi.


Bu iş «Onuň ýekeje süňki hem döwülmez» diýen Mukaddes Ýazgylaryň berjaý bolmagy üçin boldy.


Soňra Petrus sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Zeburda: „Goý, onuň öýi çolaryp galsyn, ol ýerde hiç kim mesgen tutmasyn“, şeýle hem: „Başga biri onuň ornuny alsyn“ diýlip ýazylan.


Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan okalandan soň, sinagoganyň baştutanlary: «Doganlar, halka näme öwüt-nesihatyňyz bar bolsa aýdyň, baş üstüne!» diýip, olary çagyrtdylar.


Şonuň üçin hem, eý, doganlar, şuny bilip goýuň: biz size günäleriň Isa arkaly bagyşlanýandygyny yglan edýäris. Isa iman eden her bir adam Ol arkaly aklanýar. Bu Musanyň kanuny boýunça mümkin däldi.


Olar gürrüňlerini gutarandan soň, Ýakup söze başlap, şeýle diýdi: «Doganlar, maňa gulak asyň!


Ýygnakda gürrüň uzaga çekensoň, Petrus ýerinden turup, olara şeýle diýdi: «Doganlar! Özüňiz bilýänsiňiz, keseki milletlere Hoş Habary wagyz etmegim üçin, ençeme wagt mundan öň Hudaý araňyzdan meni saýlady. Ol muny milletleriň Hoş Habary eşidip, iman etmegi üçin şeýle etdi.


Hudaý Öz tutan maksadyna görä, Isany siziň eliňize bermegi öňden karar edipdi. Siz Ony kesekileriň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz.


Bu sözleri eşidende, adamlaryň ýüregine hanjar urlan ýaly boldy. Olar Petrusdan we beýleki resullardan: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýip soradylar.


«Eý, doganlar, atalar! Indi meniň özümi aklap aýtjak sözüme gulak asyň».


Pawlus ýokary mejlise dykgat bilen seredip: «Eý, doganlar! Men şu güne çenli Hudaýyň öňünde arassa wyždan bilen ýaşadym» diýdi.


Pawlus olaryň bir böleginiň saddukeýler, beýleki böleginiň-de fariseýlerdigini bilip: «Eý, doganlar, men fariseý, fariseýiň ogludyryn. Men ölüleriň direlýändigine umyt baglaýandygym üçin höküm edilýärin!» diýip, mejlisde batly gygyrdy.


Üç günden soň Pawlus ýahudylaryň ýolbaşçylaryny çagyrdy. Olar bir ýere üýşende, Pawlus olara şeýle diýdi: «Eý, doganlar! Men halkymyza ýa-da ata-babalarymyzyň adatlaryna garşy hiç zat etmesem-de, Iýerusalimde tussag edilip, rimlileriň eline tabşyryldym.


Olar biri-biri bilen özara ylalaşmadylar. Olar gitmekçi bolup durkalar, Pawlus şeýle diýdi: «Işaýa pygamber arkaly Mukaddes Ruh ata-babalaryňyza şu sözleri jaýdar aýdypdyr:


Stefan şeýle jogap berdi: «Eý, doganlar we atalar! Meniň sözlerime gulak asyň. Atamyz Ybraýym Haranda mesgen tutmanka, heniz Mesopotamiýadaka oňa şöhratly Hudaý göründi.


Olaryň kalbyndaky Mesihiň Ruhy Onuň çekmeli ejirleri we ejirlerden soňky şan-şöhraty barada owaldan äşgär etdi. Olar bularyň nähili we näwagt boljakdygy barada Mukaddes Ruhuň näme görkezýändigini aňlamaga çalyşdylar.


Sebäbi hiç bir pygamber ynsan islegi bilen welilik etmedi. Bu pygamberler Mukaddes Ruh tarapyndan ugrukdyrylyp, Hudaýdan gelen sözleri aýtdylar.


Dogrulyk ýoluny bilenden soň, özlerine tabşyrylan mukaddes buýrugy inkär edeninden bu ýoly asla bilmezlik olar üçin has gowy bolardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan