Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 1:14 - Mukaddes Kitap

14 Olaryň hemmesi bir ýere üýşüp, yzyny üzmän doga-dileg edýärdiler. Olaryň arasynda Isanyň ejesi Merýem, şeýle-de käbir aýallar we Isanyň inileri hem bardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Оларың хеммеси бир ере үйшүп, ызыны үзмән дога-дилег эдйәрдилер. Оларың арасында Исаның эҗеси Меръем, шейле-де кәбир аяллар ве Исаның инилери хем барды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 1:14
27 Iomraidhean Croise  

Isa halka gürrüň berip durka, ejesi bilen inileri geldi. Olar Isa bilen gepleşjek bolup, daşarda garaşyp durdular.


Imanyňyz bar bolsa, doga-dileg edeniňizde, näme dileseňiz, alarsyňyz» diýip jogap berdi.


Ol ýerde uzakdan seredişip duran köp aýallar hem bardy. Olar Jelileden Isanyň yzyna düşüp gelenlerdi we Oňa hyzmat edenlerdi.


Ol ýerde uzakdan seredişip duran aýallar hem bardy. Magdalaly Merýem, Ýose bilen kiçi Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy hem olaryň arasyndady.


Sabat güni tamamlanansoň, giç öýlän magdalaly Merýem, Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy gidip, Isanyň jesedine çalmak üçin ýakymly ysly zatlar satyn aldylar.


Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere Mukaddes Ruhy has-da köp bermezmi?»


Onsoň Isa şägirtlerine olaryň hemişe Hudaýa doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda bir tymsal aýdyp berdi:


Isany tanaýan adamlaryň bary, şeýle-de Jelileden Onuň yzyna düşüp gaýdan aýallar uzagrakda durup, bu wakalara syn edýärdiler.


Isa bilen Jelileden gelen aýallar hem Ýusubyň yzyna düşüp gitdiler-de, mazary we Onuň jesediniň nähili jaýlananyny gördüler.


Resullara bu habary ýetirenler magdalaly Merýem, Ýowanna, Ýakubyň ejesi Merýem we olaryň ýanyndaky beýleki aýallardy.


Olar turup, şol pursadyň özünde Iýerusalime dolandylar. Ol ýerde Onbirleri we olaryň ýanynda bile üýşüp oturanlary tapdylar.


Olar hemişe ybadathanada bolup, Hudaýa alkyş okaýardylar.


Oňa: «Ejeň bilen doganlaryň Seni görmek üçin daşarda garaşyp durlar» diýip habar berdiler.


Ellinji gün baýramy güni ähli imanlylar bir ýere ýygnanyşyp otyrdylar.


Olar resullaryň taglymatyny öwrenmäge, ýakyn gatnaşykda ýaşamaga, bile çörek iýmäge we doga-dileg etmäge yhlasly ýapyşdylar.


Olar bir adam ýaly bolup, her gün ybadathanada ýygnanardylar. Biri-biriniňkä myhmançylyga baryp, çöregi bölüşip iýýärdiler. Çyn ýürekden şatlanyp naharlaryny paýlaşardylar.


Biz bolsa özümizi Hudaýa doga-dileg etmäge we Onuň Hoş Habaryny wagyz etmäge bagyş edeliň».


Umydyňyzyň bardygyna begeniň, muşakgatlara çydamly boluň, doga-dilegde erjel boluň.


Nämälim dillerde gürleýän adam ony manylandyryp bilmegi üçin-de doga-dileg etmelidir.


Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.


Yhlas bilen hemişe Hudaýa doga okaň, doga-dilegde şükür edip, hüşgär boluň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan