Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 1:13 - Mukaddes Kitap

13 Şähere girenlerinden soň, olar öz bolýan öýleriniň ýokarky gatyndaky otagyna çykdylar. Petrus, Ýohanna, Ýakup, Andrys, Filip, Tomas, Bartolomeý, Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Watançy Simun we Ýakubyň ogly Ýudas dagy hem şol ýerdediler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Шәхере гиренлеринден соң, олар өз болян өйлериниң ёкаркы гатындакы отагына чыкдылар. Петрус, Ёханна, Якуп, Андрыс, Филип, Томас, Бартоломей, Матта, Алфейиң оглы Якуп, Ватанчы Симун ве Якубың оглы Юдас дагы хем шол ердедилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 1:13
45 Iomraidhean Croise  

Isa şol ýerden geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Mattany görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.


Ol hem ýokarky gatda düşelgi, taýýar giň bir otagy görkezer. Şol ýerde taýýarlyk görüň» diýdi.


Isa Petrusy, Ýakuby we Ýohannany ýanyna aldy. Isa ajy hasrat çekip, gaýgylanmaga başlady.


Isa ýoldan geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Alfeýiň ogly Lewini görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.


Isa Petrusdan, Ýakupdan we onuň dogany Ýohannadan başga hiç kime Özi bilen gitmäge rugsat etmedi.


Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy. Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi.


Ol hem size ýokarky gatda ähli zat taýýarlanyp goýlan giň bir otagy görkezer. Şol ýerde taýýarlyk görüň» diýdi.


Şonda Ekiz lakamly Tomas diýen şägirt beýleki şägirtlere: «Ýörüň, bizem gideliň-de, Isa bilen bile öleliň» diýdi.


Şonda Iskariýot däl-de, beýleki Ýudas Isadan: «Eý, Agam, näme üçin Sen Özüňi dünýä däl-de, bize aýan etmek isleýärsiň?» diýip sorady.


Gapyny saklaýan aýal Petrusa: «Senem bu Adamyň şägirtlerinden-ä dälsiň?» diýip sorady. Ol: «Ýok» diýip jogap berdi.


Simun Petrus, Ekiz lakamly Tomas, Jeliläniň Kana şäherinden bolan Natanaýel, Zebedeýiň ogullary we Isanyň şägirtlerinden ýene ikisi bir ýere üýşüpdiler.


Petrus olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Onsoň Rebbiň özüni zyndandan nähili azat edendigini olara gürrüň berdi. Soňra: «Muny Ýakuba we beýleki doganlara habar beriň» diýdi-de, başga ýere çykyp gitdi.


Olar gürrüňlerini gutarandan soň, Ýakup söze başlap, şeýle diýdi: «Doganlar, maňa gulak asyň!


Şonda Petrus Onbirler bilen bile ýerinden turup, batly ses bilen şeýle diýdi: «Eý, ýahudy doganlar we Iýerusalim ilaty! Munuň manysyny size düşündireýin, meniň sözlerime gulak asyň.


Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, her biriňiz Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda siziň günäleriňiz bagyşlanar we Mukaddes Ruhuň peşgeşini alarsyňyz.


Biziň ýygnanyşan ýokary gatdaky otagymyzda köp çyra ýanyp durdy.


Mejlis agzalary Petrus bilen Ýohannanyň batyrgaýlygyny görenlerinde we olaryň okuw okamadyk bir ýönekeý adamlardygyny bilenlerinde haýran galdylar, olaryň Isanyň şägirtleridigine göz ýetirdiler.


Emma Petrus bilen Ýohanna olara: «Hudaýyň sözlerine däl-de, siziňkä gulak asmak Hudaýyň nazarynda dogrumydyr? Özüňiz netije çykaryň!


Soňra Ol Ýakuba göründi, soň resullaryň ählisine göründi.


Şonda men ol ýerde Rebbimiz Isanyň inisi Ýakupdan başga resullaryň hiç birini görmedim.


maňa merhemet berlendigine göz ýetirdiler. Onsoň ýygnagyň diregleri hasaplanýan Ýakup, Petruswe Ýohanna dagy maňa we Barnaba doganlygyň nyşany hökmünde ellerini uzatdylar. Men Barnap bilen ýahudy dälleriň arasyna, olar hem ýahudylaryň arasyna gitmeli diýip, özara ylalaşdyk.


Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň guly men Ýakupdan başga milletleriň arasyna dargan Ysraýylyň on iki tiresine dogaýy salam!


Men ýaşuludan Hudaýyň saýlap-seçen hormatly zenanyna we onuň çagalaryna dogaýy salam! Men sizi çyn ýürekden söýýärin, diňe men däl, eýsem, hakykaty bilýänleriň hemmesi-de sizi söýýär.


Isa Mesihiň guly we Ýakubyň dogany bolan men Ýahudadan Hudaýyň halky bolmaga çagyrylanlara dogaýy salam! Bu haty Atamyz Hudaý tarapyndan söýlüp, Isa Mesih arkaly goralýan size ýazyp ýollaýaryn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan