Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 1:11 - Mukaddes Kitap

11 «Eý, jelileliler! Näme üçin göge seredip dursuňyz? Isanyň göge göterilenini gözüňiz bilen gördüňiz ahyry. Ol göge nähili göterilen bolsa, hut şonuň ýaly hem gaýdyp geler» diýdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 «Эй, җелилелилер! Нәме үчин гөге середип дурсуңыз? Исаның гөге гөтериленини гөзүңиз билен гөрдүңиз ахыры. Ол гөге нәхили гөтерилен болса, хут шонуң ялы хем гайдып гелер» дийдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 1:11
23 Iomraidhean Croise  

Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer.


Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Ynsan Oglunyň Patyşa bolup gelýänini görmezden ölmezler» diýdi.


Şonda gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner. Ýer ýüzündäki ähli halklar ýas tutup perýat ederler. Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, gögüň bulutlarynda gelýänini görerler.


Ynsan Ogly Öz şan-şöhratyna beslenip, ähli perişdeleri bilen geler-de, şöhratly tagtynda oturar.


Şonda Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, bulutlarda gelýänini görerler.


Emma Petrus muny ýene-de inkär etdi. Az salymdan ol ýerde duranlar Petrusa ýene-de: «Hakykatdan-da, senem şolaryň biri, sebäbi sen jelileli» diýdiler.


Reb Isa olara bulary gürrüň bereninden soň, göge alyndy we Hudaýyň sagynda oturdy.


Şonda olar Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, bulutlarda gelýänini görerler.


Aýallar gorkup, başlaryny ýere egdiler. Ýaňky adamlar olara: «Siz näme üçin dirini ölüleriň arasyndan gözleýärsiňiz?


Gidip, siziň üçin ýer taýynlanymdan soňra, ýene gelip, sizi Öz ýanyma alyp giderin. Meniň bolýan ýerimde siz hem bolarsyňyz.


Ol göge göterilmezden öň, Mukaddes Ruh arkaly Öz saýlan resullaryna buýruklar berdi.


Isa bulary aýdandan soňra, resullar seredip durka, bir bulutda ýokary göterildi.


Ençeme günläp Isa Özi bilen Jelileden Iýerusalime gelenlere göründi. Bu adamlar indi ysraýyl halkyna Ol hakda şaýatlyk edýärler.


Hemmeler haýran galdylar we geňirgenişip, biri-birlerine şeýle diýdiler: «Serediň, bu gepleýänleriň hemmesi jelileli dälmi näme?


Petrus muny görende, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky! Näme üçin muňa haýran galýarsyňyz? Näme üçin biz bu adamy öz gudratymyz ýa hudaýhonlygymyz bilen ýöreden ýaly, bize beýle dykgat bilen seredýärsiňiz?


Hudaýyň Öz mukaddes pygamberleri arkaly owaldan söz berşi ýaly, ähli zady dikeltmegiň wagty geler. Emma şol wagt gelýänçä, Isanyň gökde galmagy gerek.


Rebbiň Özi hökmürowan gygyryş bilen, Öz surnaýy bilen, baş perişdäniň sesi bilen göklerden iner. Şonda ilki bilen Mesihe gowşan merhumlar direler.


Edil şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini ýuwmak üçin, bir gezekde gurban boldy. Emma Ol ikinji gezek gelende, günäleri ýuwmak üçin däl-de, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlary halas etmek üçin geler.


Ine, Ol bulutlaryň arasy bilen gelýär! Ony hemmeler, hatda Ony deşim-deşim edenler hem görer. Dünýäniň ähli halklary Ol sebäpli aglarlar. Bu dogrudan-da şeýle bolar! Omyn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan